Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri ─ açyk asmanyň astyndaky muzeýlerdir
  26.12.2020
1488
Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri ─ açyk asmanyň astyndaky muzeýlerdir

Türkmen medeniýetiniň gadymdan gelýän köpmüňýyllyk taryhy bar. Demir ussalaryny, zergärleri, küýzegärleri, halyçylary, binagärleri, heýkeltaraşlary özünde jemleýän beýik türkmen senedimiz  asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, bu gün milli sungatymyzyň özenini düzýär, onuň has-da  ösmegine ýardam berýär.

          Biziň şirin sazly, edebi we çeper, baý medeni mirasymyzyň, halk döredijiligimiziň, gadymy senedimiziň, urp adatlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň dür dänelerine ýugurlan häzirkizaman milli medenýetimiziň göýä diýersiň, beýik ylhamdan we galkynyşdan  nurlanan nepis haly eserleni ýadyňa salýar.

Döwletimiziň ykdysadyýetinde, sosial-durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler medeniýet ulgamyna hem täsirini ýetirdi. Ýurdumyzda “Nusaý” ,“Könürgenç”, “Gadymy Merw”, “Atamyrat ”, “Köne Sarahs”, “Gadymy Dehistan”, “Abywert”. “Gökdepe galasy” ýaly ýadygärliklerimiz bardyr.

Biziň eýýamymyzdan öňki  üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa, Köneürgenç we beýlekiler ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlady we ol ýurtlar kuwwatly bolmak bilen medeni taýdan ösen derejä çykdylar. Şol ýetilen derejeler hem  Gündogar we Günbataryň arasyny birikdiriji ýurt bolan sebitiň tutuş syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň  häsiýetini kesgitleýar.

Häzirki taryhy döwürde alymlaryň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Olar türkmen döwletliliginiň we dünýä taryhynyň gadymy çeşmeleriniň ähmiýetini peseldýän birtaraplaýyn çemeleşmäni ýeňip geçdiler.Häzirki döwürde Türkmenistanda ylmy nukdaýnazardan örän ähmiýetli ylmy-barlag işlerini halkara arheologik ekspedisiýalary alyp barýarlar. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy siwilizasiýasynyň  hakyky mirasdüşeri bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Alnyp barylýan barlag işleriniň öňi bilen ylmy ähmiýeti bardyr. Olar taryhyň ýitirilen sahypalaryny tapyp, subutnamalary we faktlary düzmek arkaly köp müňýyllyklaryň dowamynda özüniň etniki we taryhy bitewiligini, däp-dessurlaryny, medeni özboluşlylygyny saklap biziň gadymy halkymyzyň taryhynyň bir bitewi beýanyny düzýär.

Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri  özünde jemleýändigi doly mälim däl. Türkmenistan taryhy hakykatyň höküm sürmegi we milli mirasyň we baýlyklaryň saklanyp galmagy ugrunda çalşyp, milli taryhy-medeni mirasy goramak we wagyz etmek, ýadygärlikleri dikeltmek, ýurdumyzyň çäginde arheologik barlaglary geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleri:

  1. Maşatata, Gökjükdepe, Dehistan ýadygärlikleri-Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýär.
  2. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynda:  Mansurdepe, Nusaý galasy, Seýit Jemaleddin, Namazga depe, Ulug depe, Altyndepe, Mänebaba, Ýylgynlydepe, Meleheýran, Sarahs galasy ýaly taryhy we medeni ojaklar ýerleşýär.
  3. Ýurdumyzyň Mary welaýatynda: Merw, Soltan Sanjar, Ajyguýy, Goňurdepe, Togalakdepe ýaly taryhy ýadygärlikler taryhyň sahypalaryndan gürrüň berýär.
  4. Daýahatyn, Amul galasy, Astanababa ýaly ylmy-taryhy ýadygärlikleri diýarymyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  5. Ýurdumyzyň Daşoguz welaýaty hem gadymy taryha baý ülkeleriň biri hasaplanýar. Ýagny, Ykmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň ýaly taryhy ojaklar Daşoguzyň gadymylygyny subut edýär.

Amala aşyrylýan arhelogik barlaglaryň içinde taryh ylymlarynyň doktory W.I.Sarianidiniň baştutanlygynda köp ýyllaryň dowamynda bürünç zamanyna degişli bolan  Goňurdepede geçirilýän ylmy-barlag we gazuw-agtaryş işleri iň netijeli diýip belläp bolar. Bu arheologik topar tarapyndan Murgap derýasynyň gadymy deltasynda b.e.öňki III-II müňýyllyklarda gülläp ösen gadymy ekerançylyk medeniýetine degişli bolan köp sanly maglumatlar ýygnaldy we sistemalaşdyryldy.  Ýüze çykarylan maglumatlar Baktro-Margiana arheologik toplumynyň Müsür, Mesepotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bilelikde gadymy gündogar siwilizasiýasynyň bäşinji merkeziniň bolandygy baradaky W.I.Sarianidi tarpynda öňe sürlen teoriýany zerur subutnama delilleri bilen berkitmäge doly mümkinçilik berdi. Ýüze çykarylan altyndan, kümüşden, bürünçden, keramikadan ýasalan, şeýle hem daşdan we süňkden oýulan şekillendiriş sungatynyň köp sanly eserleri diňe bir türkmenistanyň muzeýlerini baýlaşdyrman, hat-da bu baý medeniýetiň eýeleri bolan Murgap oazisiniň gadymy oturymly halkyna alymlaryň ylmy garaýyşlary hem düýbünden üýtgedi. Gündogaryň sungatynyň taryhynda düýbünden täze sahypany açan Marguş ýurdunyň (beýle atlandyrmany hödürlän W.I.Sarianidi) şekillendiriş sungatynyň eserleri heniz köp ýyllaryň dowamynda  sungaty öwrenijileriň arasynda ylmy jedelleriň we aýratyn gözlegleriň obýektleri bolup hyzmat edýär.

2001-nji ýylda “Ligabuýe” ylmy-barlag merkeziniň G.Rossi-Osmidanyň we türkmen arheology B.Ödemyradowyň baştutanlygyndaky topary gadymy Margiananyň Ajyguýy ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerine girişdi.

Russiýa Federasiýaasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary bürünç zamanynyň belli ýadygärligi bolan Altyndepede ylmy-barlag işlerini dowam etdiler. Bu işler köp ýyllaryň dowamynda meşhur alym Türkmenistanyň arheologiýa ylmyna uly goşant goşan akademik W.M. Massonyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdy.

Soňky ýyllarda Ýylgynly depede şol institutyň arheologik topary N.F.Solowýowanyň baştutanlygynda ylmy-barlag işleri üstünlikli dowam edýär. B.e. öňki V müňýyllygyň soňundan IV müňýyllygyň soňuna çenli yzy üzülmän hereket eden bu ýadygärlikde otaglaryň diwarlary polihrom reňkli nagyşlar bilen bezelen eneolit zamanynyň iň irki ybadathanalarynyň biriniň üsti açyldy. Bu gadymy oturymly ýeriň meýdanynyň agramly bölegini, öz içinde öý ybadathanajyklary jemleýän, binagärlik toplumlary eýeleýärdi. Olaryň içinde seýrek duş gelýän reňkli diwar bezegleri we heýkeller, toýundan we agaçdan ýasalan oturgyçlar, reňklenen pollar, altarlar we daşdan ýasalan şekilli tapyndylaryň ençemesi ýüze çykaryldy.