logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Agriculture /Galla - biziň baýlygymyz
  23.06.2025
707
Galla - biziň baýlygymyz

Bugdaý – halkymyzyň mukaddes rysgal-berekedi, baýlygymyz hasaplanylýar. Munuň üçin ýurdumyzda ýylsaýyn ýokary bugdaý hasylyny almak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bugdaý ekmek, onuň hasylyny ýygnamak we harman etmek ýaly işler daýhanyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, lezzetli hem-de şatlykly pursatlary döredýär. Şol sebäpli hem bugdaý oragy daýhanlar üçin möhüm we guwançly wakalaryň biridir.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalyk syýasaty oba hojalyk önüm öndürijileri üçin amatly mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Şeýle ýeňillikler «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda» we «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda öz beýanyny tapýar. Daýhanlara ýer bilen amatly şertlerde üpjün edilmek, salgytlardan boşatmak ýaly mümkinçilikler döredilýär. Mundan başga-da, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde oba hojalyk tehnikasy, tohum, dökün, suw we beýleki hyzmatlar hödürlenýär. Gallaçylaryň çykdajylarynyň ep-esli bölegine döwlet tarapyndan goldaw berilýär.

 

Oba hojalygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýylyň-ýylyna ýokary tehnologiýaly, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ýurdumyza getirtýär. Gallaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçiler suw we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär. Döwlet tarapyndan döredilen dökün önümçiligi kärhanalary pagtaçylar bilen birlikde gallaçylaryň hem ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Şeýle hem, ýokary hasylly, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tohumlar ýörite tohumçylyk hojalyklarynda taýýar edilýär. Daýhanlaryň döwlet üçin tabşyran önümleri boýunça hasaplaşyklar wagtynda amala aşyrylýar.

 

Bu tagallalaryň hemmesi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, oba hojalygynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Agaberdi Rozyýew,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiri.