Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦
Baş sahypa / Syýasat /Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady
  23.06.2025
1278
Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady

Parahatçylygy öňe sürýän beýik maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde tanalan Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tagallalary netijesinde üstünlikli ösüş ýolundan öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň döreden “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyndan ugur alnyp, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi uly many-mazmuna eýedir.

 

Bu ýyl diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede hem ähmiýetli şygar hökmünde ykrar edilip, Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň bütin dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentliginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” baradaky Kararnamanyň hem kabul edilmegi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldaw tapýandygynyň beýanydyr.

 

2023-nji ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Bu strategiýa halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýlaryna laýyklykda täze hukuk binýadyny döretmegi we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmagy maksat edinýär.

 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze strategiýalaryň taýýarlanylmagyny teklip edýär. Şeýle ösüşe diňe ähli ýurtlaryň deňhukukly gatnaşmagy, syýasy taýdan bitaraplyk we diskriminasiýadan azat şertler arkaly ýetip bolýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary geoykdysadyýetde uzak möhletleýin netijelere ýetmäge gönükdirilendir.

 

Mundan başga-da, Türkmenistan Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi we energiýa geçişini goldamak, şeýle hem durnukly ulag ulgamynyň global atlasyny döretmek ýaly başlangyçlary öňe sürýär. Pes uglerodly ykdysadyýete geçmekde ähli döwletler üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak hem-de ekologik ölçegleriň berk berjaý edilmegi möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenýär.

 

Bu başlangyçlar diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem jemgyýetiň ekologik taýdan sowatlylygyny, bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän bu halkara tagallalary – häzirki we geljekki nesiller üçin parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ynanyşmagyň binýadyny berkitmeklige gönükdirilen beýik çagyryşdyr.

 

Aýna Sätgeldiýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.