Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Syýasat /BMG-niň Merkezi Aziýadaky hemişelik utgaşdyryjylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi
  14.05.2025
1191
BMG-niň Merkezi Aziýadaky hemişelik utgaşdyryjylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky hemişelik utgaşdyryjylarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu çärä Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçiler bäsleşiginiň ýeňijileri we Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri gatnaşdylar.

 

Okuw sapagynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D. Şlapaçenko, Gazagystandaky hemişelik utgaşdyryjy Stiwen O’Malleý, Gyrgyzystandaky Antýe Kristin Grawe, Özbegistandaky Sabine Mahl we Täjigistandaky Parwathy Ramaswami Kawilmadam çykyş etdiler.

 

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen Türkmenistan BMG-niň giň goldawyna eýe bolup, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşýar.

 

Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin parahatçylyk tagallalaryna goşan möhüm goşandyny aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistan syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine, dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýän ýurt hökmünde BMG bilen ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi hem bu gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezildi.

 

Çykyş edenler Öňüni alyş diplomatiýasynyň jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde möhüm orny eýeleýändigini belläp, BMG-niň degişli Kararnamasynda bu sebit merkeziniň parahatçylyga abanýan howplara garşy çäre görmekde we durnukly ösüşi goldamakda Merkezi Aziýa döwletlerine goldaw bermek boýunça ähmiýetli ornunyň ykrar edilendigini nygtadylar.

 

Şeýle hem duşuşykda sebitiň ýurtlarynyň gazanan hyzmatdaşlyk tejribesiniň halkara meselelerini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge mümkinçilik berýändigi we bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi bellenildi. Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary sebitleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezildi.