Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatyň ähli ugurlarynda talyplara ýokary derejede hünär öwredilýär. Sungat ojagynyň binagärlik we dizaýn ugry boýunça ussat halypalar tarapyndan hünärmenler taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdebimizde talyplar özüniň bilimini artdyrmak maksady bilen binagärlik we dizaýn sungatyna degişli edebiýatlary öwrenip, halypa mugallymlaryň beren öwüt-ündewlerini, maslahatlaryny özleşdirýärler. Binagärlik we dizaýn sungatynyň taryhyny, sungatyny, gurluş aýratynlygyny, onuň görnüşlerini içgin öwrenip, zehinli talyplar binagärlik sungatynda binanyň ähli talaplaryny, aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gözellik bilen utgaşdyryp, çyzgysyny taýýarlaýarlar. Maglumat tehnologiýalarynyň ösen häzirki döwründe bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan talyplar taslama işlerini kompýuterlerde döredip, milli däplerimiz bilen sazlaşdyrylyp taýýarlanan taslamalarda binanyň daşky keşbine, umumy görnüşine, içki bezeglerine mahsus bolan milli nyşanlarymyz aýratyn orun tutýar.
Häzirki döwürde bu ugurlar boýunça ajaýyp binalar gurlup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna oňaýlylygy hem-de zähmet çekmäge bolan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Sungat ojagymyzda köp ýyllaryň dowamynda bilim alan zehinli talyplarymyzyň binagärlik taslamalary we çyzgy işleri özüniň aýdyňlygyny görkezýär. Şeýlelikde zehinli ýaşlarymyzyň diplom eserlerinde gaýtalanmajak döredijilik pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän işler ata Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň ösüşine täzeçil garamagyna iterýär. Binagärlik we dizaýn taslama işlerinde ülkäni öwreniş muzeýleriniň, awtomenzilleriniň, syýahatçylyk zolaklarynyň şekil taslamalary, metjitleriň, söwda we dynç alyş merkezleriniň taslamalarynyň çyzgylary aýratynlygy bilen tapawutlandy. Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi hem-de binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň talyplary Muhammetnazar Öwezgeldiýewiň “Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyna niýetlenen Metjidiň taslamasy”, Bägül Hojagurbanowanyň “Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Merw ýadygärlikler toplumynyň ýanynda medeni syýahatçylyk zolagy”, Merdan Amanmämmedowyň “Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabyna niýetlenen orta mekdebiň taslamasy” atly diplom işlerinde häzirki döwrüň binagärlik sungatynyň çeperçilik taraplary ýerlikli ulanylypdyr. Dizaýn hünäri boýunça talyplar Isgender Ýowşanowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, Medine Gaipowanyň “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri”, Sähra Garajaýewanyň “Parahatçylyk asudalagyň gözbaşy”, Toýly Akmämmedowyň “Haly-türkmeniň kalby” atly seýilgähiň taslamalary tekizligiň ýüzünde çözmeklik, jaýlaryň kiçi we uly göwrümli içki giňişliginiň (interýerini), binalaryň daşky görnüşiniň (eksterýeriniň), giň meýdanlaryň şeýle-de şäher giňişliginiň taslama çözgütleriniň ussatlygy görünýär. Zehinli talyplaryň ýerine ýetiren taslama işlerinde okuw ýyllarynyň dowamynda toplan tejribesiniň we çeperçilik ukyplarynyň derejesi ýokarydygy görkezildi. Talyplaryň döreden taslamalaryndaky çeperçilik aýratynlyklary barada halypa mugallymlar we medeniýet ulgamynyň wekilleri diplom işleriniň döredijilik ähmiýetini göz öňünde tutup, durmuşa ornaşdyrylmagyny bellediler.
Tawus Garajaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.