logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Politics /Gender deňligini ösdürmekde Türkmenistanyň alyp barýan işleri
  17.05.2025
1783
Gender deňligini ösdürmekde Türkmenistanyň alyp barýan işleri

Gender deňligi – bu erkekleriň we aýallaryň durmuşda deň hukuklara, mümkinçiliklere we jogapkärçilige eýe bolmagydyr. Türkmenistanda bu ugurda birnäçe möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Aýal-erkek deňligi diňe bir hukuk taýdan däl, eýsem bilim, saglyk, iş we syýasy taýdan hem üpjün edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy erkekler we aýallar üçin deň hukuklary kepillendirýär. Ýurduň kanunlary we döwlet maksatnamalary gender deňligini ilerletmäge gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-niň birnäçe halkara konwensiýalaryna goşulyp, bu ugurda borçnamalary ýerine ýetirýär.

 

Aýallar bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet dolandyryşy ýaly ugurlarda işjeň işleýärler. Döwlet derejesinde ýokary wezipelere bellenen zenanlaryň sany hem ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda gender deňligini ilerletmek maksady bilen ýörite milli maksatnamalar kabul edilýär. 2015–2020-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy bu ugurda möhüm ädim boldy.

 

Aýallaryň işewürlik we telekeçilikde hem orny barha ýokarlanýar. Telekeçi zenanlaryň artmagy işsizlik we garyplyk bilen göreşmekde möhüm ähmiýete eýe. Maşgala jemgyýetiň esasydyr. Türkmen zenanlary däp-dessurlary saklap, täze nesli terbiýelemekde möhüm rol oýnaýarlar. Zenanlaryň döredijilik we ahlak gymmatlyklary jemgyýetiň ruhy baýlygynyň özenidir.

 

Türkmenistan gender deňligini üpjün etmekde halkara guramalar, aýratyn-da BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir aýal-erkek deňligini gazanmakda däl, eýsem jemgyýetiň durnukly ösüşine hyzmat edýär.

 

Sülgün NEPESOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.