Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler
  12.10.2024
131
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT-2024) geçiriler. Bu çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde guramagynda amala aşyrylar. Çäre dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu çäräniň çäklerinde nebitgaz pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan tematiki mejlisler geçiriler. Esasan energiýa geçirijiligi, täze eksport ugurlaryny ösdürmek we uglewodorod önümçiliginiň ekologiýa ugurlary ýaly temalar üns merkezinde bolar. Maslahat bilen birlikde ADNOC, CNPC, SLB, Eni, Sumitomo, Petronas, S&P Platts we William Johnson ýaly iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda OGT Expo sergisi geçiriler. Sergide nebitgaz pudagy üçin işlenip düzülen täze innowasiýalar we tehnologiki çözgütler bilen tanyşmak mümkinçiligi bolar. Türkmen kompaniýalary hem OGT Expo sergisinde giňden wekilçilik ederler. Olaryň arasynda «Garagum Hazynasy», «Nurly Tolkun», «Türkmen gala», «Hazar Logistika», «Arassa Söwda we Gurluşyk», «MENO logistics» we beýlekiler bar. 

 

«OGT-2024» halkara meýdançasy, dünýädäki nebitgaz pudagynda öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we tejribe alyşmak üçin möhümdir. Çäre pudagyň öňünde duran wehimleri we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, täze işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

 

Jeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.