logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / In the world /Türkmenistan migrasiýa syýasatynda halkara tejribäni öňe sürýär
  12.06.2025
660
Türkmenistan migrasiýa syýasatynda halkara tejribäni öňe sürýär

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin çäklendirmäniň girizilendigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu çözgüdiň türkmen tarapyndan düşnüksizlik döredýändigini we aladalanma sebäp bolýandygyny belleýär.

 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk, durmuş, ynsanperwer we beýleki meseleleriniň çözülmegini kadalaşdyrýan konwensiýalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekdäki tejribesi dünýäde ilkinjileriň hataryndadyr. Bular barada BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän dürli halkara forumlarda yzygiderli bellenilýär.

 

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn esasda raýatlaryň girmegi we çykmagy bilen bagly meselelere netijeli garaýar. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplaryň kanunçylygynyň berjaý edilşine talabalaýyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

 

Türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

 

Şu esasda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu karary, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesini we aýratyn-da migrasiýa syýasaty boýunça gazanylan netijeleri nazara almaýan, howlukmaç kabul edilen karar hökmünde baha berýär.