Türkmenbaşy şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanyp, “Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet” atly kiçi futbol bäsleşigi geçirildi. Bu sport çäresi 03-11-nji we 10-11-nji noýabrda 10-njy orta mekdebiň ýapyk sport meýdançasynda geçirildi we Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdepleriniň 9-njy we 10-njy synp okuwçylaryny öz içine aldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher Bedenterbiýe we sport bölüminiň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň, Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasynyň we Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda gurnaldy.
Bu sport çäresiniň esasy maksady ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan söýgini we hormaty ýaş nesillerde güýçlendirmekden ybarat. Bu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bäsleşik, ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyryp, olaryň sagdyn we ruhubelent kemala gelmegini maksat edinýär.
Ýeňiji toparlar we oýunçylar ýadygärlik sowgatlary, diplomlar bilen sylaglandylar. Bu çäre, ýaşlary sporty halaýjy, agzybir we sagdyn jemgyýetiň bir bölegi hökmünde ösdürmek maksadyna eýe bolup, ýaşlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem has-da berkitdi.