Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragy Türkmen we Ermeni medeniýetleriniň arasyndaky köpri ✦ ✦ Döwrebap tehnologiýalar Ýurdumyzdaky özgertmeleriň täze ädimi ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi ✦ ✦ Täsin tebigat hakda ✦ ✦ Paýtagtymyzda lukmançylyk merkezleri açyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
  12.10.2024
74
Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Paýtagtymyzda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Dostlukly ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudak dolandyryş edaralarynyň, we hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem geljekde onu ösdürmegiň ýol-ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Işewürlik maslahatyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdy. Dürli ugurlary öz içine alýan maslahatda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.Maslahata gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna üns berdiler. Bu ýerde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň we özara tejribe alşylmagynyň möhümdigi nygtaldy. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri, iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyna üns berdiler.

 

Şunuň bilen baglanyşykly, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işiniň netijeli amala aşyrmagyny üpjün edýän ygtybarly kanunçylyk binýadynyň özara gatnaşyklara oňyn täsirini we üpjün edişini nygtadylar.

 

Iri halkara forumlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde Türkmenistanda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Türkmen-mongol işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ugruň ösdürilmeginiň wajypdygy aýdylýanlarynyň arasynda, gatnaşyjylar öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

 

Aýnur HANSAHATOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.