logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmen halysynyň gözelligi dünýä ýaýylýar
  26.05.2025
593
Türkmen halysynyň gözelligi dünýä ýaýylýar

Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanyp, haly we haly önümleriniň sergisi hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylaryna bagyşlanyp geçirilen bu çäreler, milli mirasymyzy wagyz etmekde, ýurdumyzdaky halyçylyk pudagynyň ösüşlerini köpçülige ýetirmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

 

Baýramçylyk dabaralarynyň esasy merkezi hökmünde paýtagtymyzda ýerleşýän türkmen halysynyň milli muzeýi çykyş etdi. Muzeýde milli haly sungatynyň geçmişden gelýän nusgalary bilen häzirki döwürde dokalan halylardan ybarat giň sergi guraldy. Şeýle-de muzeýiň ýanyndaky açyk meýdançada haly dokalyşynyň tapgyrlaýyn tapgyrlary görkezildi we halyçylaryň döredijilikli zähmeti giňden şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa dabaranyň baýramçylyk ruhuny has-da güýçlendirdi. Bu çykyşlarda nepis türkmen halylarynyň aýratynlyklary wasp edildi.

 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynda we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylary hem-de haly önümleri serginiň esasy bezegine öwrüldi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda, Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, türkmen halylarynyň ajaýyp nagyşlaryny we gözelligini dünýä ýaýmaga goşan uly hyzmatlary, köp ýyllyk halal zähmeti hem-de ýokary hünär ussatlygy üçin bir topar halyçynyň “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolandygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

 

Şeýle hem, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň binasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyzyň degişli ugurlarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtly alymlar, halyşynaslar, medeniýet we ylym işgärleri gatnaşdylar. Onda türkmen haly sungatynyň taryhy ösüşi, häzirki ýagdaýy we geljekde ösdüriliş mümkinçilikleri boýunça çykyşlar diňlenildi.