Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen haly sungaty we haly önümleri
  24.11.2020
2059
Türkmen haly sungaty we haly önümleri

      Türkmen halysy... Munda halkyň özboluşly aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün islegi öz beýanyny tapypdyr. Türkmenistanyň territoriýasynda geçirilen we geçirilýän arheologiki gazuw barlag işleri halkyň çeperçilik däbiniň iňňän gadymdan gelýändigine güwä geçýär.

         Türkmen halylarynyň ilkinji nusgalary wagt geçmegi bilen ýitip gidipdir. Emma olaryň şöhraty ýitmändir. Halyçylyk sungatynyň köp asyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany baryp ХIII asyrda Italiýan syýahatçysy Marko Pola galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynda şeýle ýazýar: “Bu ýerde dünýäde nepis we owadan haly dokalýar”. Eger-de Marko Polanyň döwründe haly Türkmenistanda nepislik we owadanlyk babatynda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhda has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl, çünki haly halkyň jümmüşinden çykan ady näbelli ussat gelin-gyzlaryň, köp nesliniň döredýän zähmetiniň önümidir.

         Türkmen halylaryny dokamakda esasy ulanylýan zat ýüňdür. Bu ýüňi esasan saryja goýunyň ýüňinden peýdalanylypdyr. Ýaz gyrkymynyň has uzyn nepis we ýylpyldyly gowy ýüňleri saýlanyp alnypdyr. Halyçylar tebigy reňkleri ýerli ösümliklerden alypdyrlar. Iki tarapy hem bezelen halylar ussat türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykýar. Ikitaraplaýyn halylary dokamagyň çylşyrymlydygy sebäpli, olar giňden ýaýran däldir. Bu haly dokalanda dykyzlygy näçe ýokary boldugyça şekiller göwnejaý, owadan we aýyl-saýyl görünýär. Umuman kejebelik haly, namazlyk halysy, asmalyk haly, horjun haly, ümür duman halysy, gapylyk haly, çuwallar, torbalar öýüň umumy bezeginiň özboluşly bezegidir.

         1941-1942-nji ýyllarda türkmen halyçylary tarapyndan 10,75 х 18 m. ululykda ilkinji gigant haly döredildi. Şeýle-de äpet halylaryň birnäçesi Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň dokaldy. Biziň ýurdymyzda haly resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşanlaryna girýär: haly gölleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda we Döwlet tugrasynda ýerleşdirilip, haly milli gymmatlyk hökmünde resmileşdirilendir. Halyçylaryň döwrebap işlemekleri üçin uly goldaw, hemaýat edilmegi halyçylyk sungatymyzyň mundan beýläk hem ösjekdigine, dünýä meşhur halylaryň dörediljekdigine güwä geçýär.