Topragyň üstki böleginiň zaýalanmasyna ylmy dilde erroziýa diýilýär. Erroziýa latyn söz bolup, türkmen diline terjime edilende ýer üstüniň «iýilmegi, zaýalanmagy» diýen manyny aňladýar. Toprak esasan hem ýerüsti suwlaryň we ýeliň täsirinde zaýalanýar. Türkmenistanyň şertlerinde topragyň şeýle ýagdaýda zaýalanmagy esasan daglyk we dagetek ýerlerinde ýüze çykýar. Ýurdumyzyň çäginde ýerüsti suwlaryň täsirinde emele gelen ululy-kiçili jarlar sanardan kän. Şeýle-de käbir ýerlerde ýeriň üstüne gar toplanýar. Bu ýagdaý daglyk ýerlerde köp duş gelýär. Eger-de, gar kem-kemden erese, onda ol topraga siňip ýerüsti suwuň akymyny ýüze çykarmaýar. Ýöne, howanyň temperaturasynyň birden ýokary galmagy bilen suw topraga siňip ýetişmän, ýerüsti suwunyň akymyny ýüze çykaryp, pes ýerlere tarap akýar. Ýerüsti suwy topragyň üstki gatlagyny pesliklere alyp gaýdýar. Toprak ýuwulýar we ýukalýar. Batly akýan ýerüsti suwy topragyň diňe ownujak bölejiklerini akdyryp alyp gitmek bilen çäklenmän, toprakasty gatlaklardaky uly agramly daşlary-da äkitmäge ukyply bolýar.
Ýel hem ýerüsti suwlar ýaly topragyň üstki gatlagyna uly täsir edýär. Çünki topragyň gaty bölegi esasan agramy uly bolmadyk ownujak mineral bölejiklerinden durýar. Ýel gurak howada yzgarsyz topragyň ownujak bölejiklerini ýokary galdyrýar we toprak zaýalanýar. Netijede ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan iýmit elementlerine baý bolan çüýrüntgili gatlak ýok bolýar. Ýeliň täsirinde toprak çöllük, sähra çöllük zolaklarda has hem güýçli zaýalanýarlar. Topragyň zaýalanmagy onuň üçin yzyna gaýtaryp getirip bolmaýan hadysa, ýagny onuň täsirinde toprakdan aýrylan çüýrüntgi, iýmit elementleri, tozan görnüşindäki bölejikleri gaýtadan yzyna topraga getirmek asla mümkin bolmaýar. Bulardan başga-da, dürli görnüşli ymaratlar, suw howdanlary gurlanda, demir we gara ýollar çekilende, peýdaly magdanlar gazylyp alnanda toprak zaýalanýar we bu hadysa topragyň tehniki taýdan zaýalanmagy diýilýär. Peýdaly magdanlar gazylyp alnanda, şol ýeriň üstki toprakly gatlagy ýok bolýar, ýanaşyk ýerleşen ýerleriň topraklary dürli görnüşli tehnikalaryň ýöremegi sebäpli görnüşini ýitirýär, hili peselýär. Topragyň zaýalanmagy olaryň gurplulygyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyna uly zyýan ýetirýär. Topraklaryň zaýalanmagy netijesinde, onuň üstki çüýrüntgä, ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan iýmit elementlerine baý, amatly häsiýetleri bolan has gurply gatlagy ýuwulýar, käbir ýerlerde bolsa durşuna ýok bolýar. Olar oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin işleri giňden ulanmaga päsgelçilik döredýär, jarlaryň emele gelen ýerlerini oba hojalygy üçin ulanmak mümkin bolmaýar. Ýeliň täsirinde süýşýän çägeler medenileşdirilen ýerleriň topraklaryny, oba hojalyk ekinlerini, ýaplary, ýollary gömüp, halk hojalygyna uly zyýan ýetirýär. Umuman, topraklaryň dürli sebäplere görä, zaýalanmagynyň netijesinde olaryň düzümindäki ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan ýokumly iýmit maddalary azalýar, gurplulygy peselýär. Diýmek, topragyň zaýalanmagy tebigatda bolup geçýän ýönekeý waka bolman, ol halk hojalygynyň dürli pudaklaryna, ylaýta-da oba hojalygyna uly zyýan ýetirýän ýaramsyz hadysadyr. Şol sebäpli hem topragyň gurplulygyny gorap saklap, ony geljekde gowulandyrmak üçin çäreleriň biri topragyň zaýalanmagyň öňüni almak, zaýalanan ýerleriniň gurplulygyny artdyrmak hasaplanýar.
Älemjahan AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.