logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
  06.10.2025
639
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň sentýabr aýyndaky täze sany çapdan çykdy. Neşirde Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanan wakalar giňden beýan edilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Žurnalda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýaşlaryň pikirleri, talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň çykyşlary, şeýle hem sanly ulgam bilen bagly täze makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, ýaş alymlaryň ylmy gözlegleri, täze döredijilik işler we tehnologiýa täzelikleri okyjylar üçin hödürlenýär.

 

Neşiriň soňky sahypalarynda bolsa täleýnama, tagamly işdäaçar taýýarlamak boýunça maslahatlar hem-de “Ýaş waspçy” bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenýär.

 

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.