logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi
  01.10.2025
822
Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda orta atdy we onuň parahatçylyk hem hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini düşündirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de BMG-niň halkara gatnaşyklarynda eýeleýän ornuny berkitmek ugrunda yzygiderli çykyş etjekdigini aýtdy. Şeýle hem halkara hukugyň berkidilmeginiň, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmeginiň hem-de BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň bu işde möhüm şertdigini nygtady.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň parahatçylygyň, ösüşiň hem-de dünýä howpsuzlygynyň kepili bolup galmalydygyny belläp geçdi.

 

Humaý JORAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.