logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Bişkekde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
  01.10.2025
737
Bişkekde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy A.Grawe bilen bilelikde gurady.

 

Maslahata dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, döwlet edaralary, alymlar, syýasatşynaslar hem-de metbugat işgärleri gatnaşdylar.

 

Çykyşlaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyny we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürendigi bellenildi.

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebitde hem-de dünýäde durnuklylygyň esasyny düzýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi, bu derejäniň dünýä derejesinde giň goldaw tapandygy we her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilýändigi nygtaldy.

 

Şeýle hem maslahatyň dowamynda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigi mälim edildi. Çäre gatnaşyjylary parahatçylygy, ösüşi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen bu ýylyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikler döredýändigini bellediler.

 

Mundan başga-da, myhmanlara Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi.

 

Döwletgeldi MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.