logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Aşgabatda türkmen-wenger hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
  01.10.2025
514
Aşgabatda türkmen-wenger hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 29–30-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisi geçirildi. Çärä iki ýurduň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.

 

Mejlise türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulyýew, wenger tarapyndan bolsa Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklary boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdiler.

 

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlenmek meseleleri girizildi.

 

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler.

 

Mejlisiň dowamynda oba hojalygy we azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly däp bolan giň gerimli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.

 

Toparyň agzalary hökümetleriň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goldamak baradaky Ylalaşygyň mümkin bolan çalt wagtda gol çekilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Bu resminama iki ýurduň ykdysady düzümleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we Türkmenistana wenger maýalarynyň akymy üçin hukuk esasyny döretmäge mümkinçilik berer.

 

Iki ýurduň wekilleri yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem häzirki mejlisde gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi. Taraplar toparyň ýedinji mejlisini Budapeşt şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

 

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti