logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Society /6-njy oktýabr — Hatyra güni!
  06.10.2025
521
6-njy oktýabr — Hatyra güni!

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistan halky ähli uruşlarda we 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlaryny hatyralap, Hatýra gününi belleýär. Bu güni mynasybetli ýurduň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalyp, sadakalar berilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gül goýmak dabarasy geçirilip, ýurdumyzyň garaşsyzlygy, azatlygy we parahat durmuşy ugrunda janyny gurban edenleriň öňünde baş egilýär.

 

Bu gün diňe bir ýitirenleri ýatlamak däl, eýsem türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhubelentliginiň we çydamlylygynyň nyşanydyr. 77 ýyl mundan ozal bolup geçen ýer titremäniň agyr yzlary halkyň ýüreginde hemişelik saklanýar. Şol pajygaly gije diri galanlar batyrlyk we ynsaplylyk görkezdiler. Häzirki döwürde bolsa, gözel paýtagtymyz Aşgabat ak mermerli şäher hökmünde parahatlygyň we abadançylygyň mekanyna öwrüldi.

 

Hatýra güni halkymyzyň geçmişine hormat goýmagyň, gahryman ata-babalarymyzy hatyralap, nesilleri watançylyk, agzybirlik ruhunda terbiýelemegiň mukaddes nyşany bolup durýar.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.