logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan halkara borçnamalaryny berk ýerine ýetirýär
  01.10.2025
596
Türkmenistan halkara borçnamalaryny berk ýerine ýetirýär

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu mejlisiň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz 30 ýyl mundan ozal şu ýerde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlatdy.

 

Munuň sebäbi, 30 ýyl mundan ozal şu ýerde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edilipdi. Munuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyna we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynam bildirdi.

 

Serdar Berdimuhamedow  ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky ugruny kesgitleýändigini, amatly şertleri döretmek bilen içerki ösüşi hem güýçlendirendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň adyndan ähli döwletlere hem-de dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylda kabul edilen çözgüt we soňra Baş Assambleýanyň iki Kararnamasy arkaly ýene-de tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.