Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦ ✦ Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Magtymguly – dünýäniň akyldary ✦ ✦ Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler ✦ ✦ Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Temperatura - bu esasy ekologiki faktordyr
  15.05.2023
579
Temperatura - bu esasy ekologiki faktordyr

Ýer togalagy boýunça organizmleriň ýaşaýşyny, ösüşini we ýaýraýşyny kesgitleýän esasy ekologik faktorlaryň biri hem temperaturadyr.

Tropik zolaklarda ýylylygyň mukdary tutuş ýylyň dowamynda beýleki zolaklardaky bilen deňeşdirilende birmeňzeşräk bolýar.

Ekwatordan demirgazyga we günorta tarap daşlaşdygyça pasyllar we gije – gündiz boýunça temperaturanyň üýtgemekligi ýokarlanýar. Ösümlikleriň we haýwanlaryň şeýle ýagdaýa uýgunlaşmaklygy bilen, olarda dürli döwürlerde ýylylygy dürlüçe talap edijiligi ýüze çykýar.

Ösümlikleriň bedeniniň hususy temperaturasy bolmaýar we olar ýylylyga gatnaşygy boýunça kesgitli aýratynlyga eýedirler. Olaryň ýylylygy kadalaşdyryjy ýörite gurluşlary (anatomiki-morfologiki we fiziologiki mehanizmleri) bolup, şol gurluşlar hem ösümlikleri amatly däl temperaturanyň zyýanly täsirlerinden ygtybarly goramaga gönükdirilendir.

Ýokary temperaturaly we pes çyglylykly zolakda (tropik we subtropik çöllüklerde) taryhy taýdan ösümlikleriň özboluşly morfologik tipleri kemala gelýär. Ýagny olaryň ýapraklarynyň üst meýdany kiçelýär ýa-da ýapraklary düýbünden bolmaýar (meselem, sazakda (Halohylon aphyllum). Çöl ösümlikleriniň köpüsinde özboluşly agymtyl tüýjagazlar emele gelýär we olar gün şöhlesini yzyna gaýtarmaga hem-de aşa gyzmakdan gorap saklamaga ukyplydyrlar (meselem, sözende ýa-da çöl akasiýasynda (Ammodendron conollyi).

Temperatura (ýylylygyň mukdary) haýwanlaryň beden gurluşyna özüniň has hem aýdyň täsirini ýetirýär. Polýuslardan ekwatora tarap aralyk daşlaşdygyça, sistematik taýdan ýakyn bolan we bedenleriniň temperatursy hemişelik bolmadyk haýwanlaryň göwresiniň ululygy artýar. Emme bedeniniň temperaturasy hemişelik bolan haýwanlaryň göwresiniň ululygy bolsa kemelýär. Munuň esasy sebäbiniň biri-de şol tebigy zolakda temperaturanyň ýokary bolmagydyr.

Daşky tebigy gurşawyň temperaturasy haýwanlaryň bedeniniň gurluşyna belli bir derejede täsir edýär. Ýylylygyň täsiri netijesinde haýwanlaryň köpüsinde bedeniň ýylylygy yzyna gaýtarmak, guşlarda sütük we ýelek örtükleri, süýdemdirijilerde bedeniniň tüý örtügi, ýag toplaýjylyk ýaly morfologik alamatlar ýüze çykýar. Beýik daglardaky mör-möjekleriň köpüsiniň reňkleri adatça gara bolýar. Bu bolsa olaryň gün şöhlesini öz bedenine güýçli siňdirmäge mümkinçilik döredýär. Açyk günüň ýagtysynyň täsirinde uzak wagt bolýan mör-möjeklerde, köplenç bedeniň reňki agymtyl bolýar. Bu bolsa gün şöhlesini yzyna gaýtarmaga kömek edýär. Bedeniniň temperaturasy hemişelik bolan haýwanlarda sowuk klimatly zolaklarda olaryň bedeniniň çykyp duran bölekleriniň meýdanynyň kemelýändigini görmek bolýar. Olar daşky gurşawa ýylylygyň köp mukdaryny bölüp çykarýarlar. Süýdemdirijilerde pes temperaturada guýruklarynyň, gulaklarynyň ululygy gysgalýar, tüý örtügi gowy ösýär.

 

Yhlas METIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.