logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Nature /Täsin kömelek – «Tehasyň ýyldyzy»
  19.05.2023
683
Täsin kömelek – «Tehasyň ýyldyzy»

Tebigatda duş gelýän iň üýtgeşik görnüşdäki kömelekler görenleri hemişe haýran edýär. Şeýle kömelek görnüşleriniň sany örän köp. ABŞ-nyň günortasynda we Ýaponiýada ýaşaýan, gül ýaly açylýan kömelekleriň ýeke-täk wekili hem horioaktisdir. Görnüşiň ylmy ady - «Chorioactis geaster». Kömelegiň ady grek sözünden gelip çykyp, «aýry şöhle, ýyldyz» diýmegi aňladýar. Horioaktisiň miweli bedeni uzyn, goýy goňur, gyzylymtyl we ýetişende 4-7 şöhleli ýyldyz görnüşinde açylýar. Şonuň üçin ABŞ-da bu kömelege «Tehasyň ýyldyzy» diýilýär. Horioaktisiň ýapyk miweli daşky görnüşi Gasteromisetleriň miweli bedenlerine meňzeýär. Şeýle-de bolsa, horioaktis düýbünden başga bölüme marsupiallara degişlidir. Horioaktisiň miwe bedenleri gaty agaçda ýa-da agaçlaryň köklerinde emele gelýär. Aslynda ol saprotrof görnüş. Miwe bedeni daşyndan goýy goňur, ownuk ösüntgiler bilen örtülen. Ol kiçijik böleklere bölünýär. Şöhleler doly açylýança ýuwaş-ýuwaşdan gyzyl reňke geçýär. Açylanda sporalar bilen doldurylan haltajyklar bilen birlikde gimenial gatlagy emele getirýän elementleri ýüze çykýar. Ýyldyz şekilli açylmagy diňe bir gezek ýüze çykýar, ýöne sporalary gysga wagtyň içinde ýene birnäçe gezek emele gelip bilýär. Öň bellenip geçilişi ýaly, miwe bedenindäki basyş ýetişdigi saýy ýokarlanýar. Onuň gara miweli bedeni güne gyzýar, glikogeniň bölünmegi wagtynda emele gelýän gimenial gatlakdaky glýukozanyň konsentrasiýasy ýokarlanýar, glýukozanyň has köp konsentrasiýa ýerine suw akyp başlaýar we basyş ýokarlanýar. Miwe bedeninde ýüze çykan dartgynlyk kem-kemden peselýär we şöhleler açylýar. Şol wagt ol özboluşly ses çykarýar diýlip hem çaklanylýar. Horioaktisiň diňe Amerikanyň günortasynda Tehas we Oklahoma bilen serhetleşýän sebitinde we Ýaponiýanyň Kýuşu we Honşu adalarynda duş gelýändigi belli. Horioaktis Ýaponiýa garanyňda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 20 esse köp duş gelýär. Ýaponlar bu kömelegi kirinomitake diýip atlandyrýarlar.

Ilkinji gezek horioaktis 1893-nji ýylda Tehasda tapyldy we Amerikaly mikolog Çarlz Pek tarapyndan beýan edildi Ýaponiýada ilkinji açyş diňe 1937-nji ýylda geçirildi. Kömelek bu ýurtda seýrek duş gelýär we tokaýlaryň ýok edilmegi bilen baglanyşykly howpy astyndaky görnüşlere degişli edilýär. Tehasda bolsa tersine, şeýle çäkli sebit üçin horioaktisiň sany gaty köp. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.