Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sport — sagdynlygyň özeni
  04.11.2024
269
Sport — sagdynlygyň özeni

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

 

Şol gün Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki meýdançalarda türgenleriň görkezme çykyşlary we milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, dürli bäsleşikler guraldy.

 

Häzirki wagtda ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek babatynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Diýarymyz sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

 

Şonuň ýaly-da, sport jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütin dünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

 

Şeýlelikde, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama mynasybetli guralan Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

 

Mamajan ŞUKUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet 
mugallymçylyk institutynyň I ýyl talyby.