Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /“Söýýän güýz paslyny, sarylygyny”
  13.11.2024
188
“Söýýän güýz paslyny, sarylygyny”

Güýz pasly mylaýym şemaly bilen duýdansyz gelýär. Bu pasyl, köpleriň düşünjelerinde üýtgeşiklik we täzelenme möwsümi hökmünde kabul edilýär.

 

Güýzüň gelmegi bilen, gündizler gysgalyp, gijeler uzap başlaýar. Güýz gelende, agaçlaryň ýapraklary şadyýan ýaşyl reňkden altynsöw reňke geçip, tebigatymyz has hem aýratyn gözelleşýär. Güýzüň sarylyga beslenip, ýapraklaryň gyzylymtyl, altynsöw reňklere bürenmegi tebigata aýratyn gözellik çaýýar.

 

Pasyllaryň arasynda güýz pasly bereketli pasyllaryň biri hasaplanýar. Ekin meýdanlarda, agaçlarda miweler, gök-önümler ýetişip, bereketli türkmen saçagy has hem baýlaşýar.

 

Güýz pasly diýlende, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň ýiti galamyndan dörän ajaýyp goşgulary ýadyňa düşýär. Şahyryň “Söýýän güýz paslyny” diýen goşgusynda şeýle belläp geçýär.

           Söýýän güýz paslyny, sarylygyny.

           Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli.

 

Şahyr şu setirlerinde güýz paslynyň sada gözelligini, onuň özüne mahsus bolan ajaýyplyklaryny wasp edipdir. Güýz bu sungat işgärleriniň paslydyr. Tebigatyň gözelligi şahyrlaryň ýiti galamyna ylham bolup eçilýär.

                                      

Arzygül ATJANOWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.