logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Soganyň saglyga peýdasy
  01.04.2021
2984
Soganyň saglyga peýdasy

     Sogan ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit hökmünde bellidir.Onda dürli fermentler, kaliý duzy, şeker, fosfor, limon we alma turşulygy, A1, B1,B2,PP, C witaminleri, ysy, ajysy bilen gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýan efir ýagy bar. Ol işdäňi açýar, iýlen iýmitiň oňat siňmegi üçin suwuklyk bölünip çykyşyny güýçlendirýär.

      Sogan ýiti respirator, sowuklama keselleriniň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzümindäki fitonsidler mikroblara, wiruslara, bakteriýalara garşy göreşmek häsiýetli, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde, garamükürde (singada), anginada (basyk), bronhitlerde we gurçuk kesellerinde täsirini ýetirýär, ganbasyşy  kadalaşdyrýar.

      Sogany ary baly bilen garyp ýa-da süýtde gaýnadyp, üsgülewükde, burun dykylmada, sowuklamada, öt çykaryjy ýollaryň näsazlyklarynda peýdalanylýar. Şeýle-de bu melhem çybanlara, döwme çykuwlara, ýanyga, açyk ýaralara ýapylýar.Soganyň peti ýokary dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, göz kesellerinde ulanylýar. Gök soganyň düzüminde witaminler, fitonsidler düýp sogandakydan hem köpdür. Ýaş düýp sogan bedendäki içki alyş-çalşa itergi berýär, zäherleýji maddalary çykarýar.

Ter sogany iýmit siňdiriş agzalarynyň bozulmasynda, bagyr, böwrek kesellerinde köp iýmek maslahat berilmeýär. Sogan derini terleşdirýär, rahatlandyrýar, goranyjylyk ukybyny berkidýär. Deride dörän tegmile gyrgyçdan geçirilen sogan ary baly bilen garylyp ýapylýar. Deri  sowuklanda, soýlanda, gyrlan çig sogan un bilen des-deň möçberde garylyp, ýüze ýapylýar. Sogandan edilen ýapgylar derini iýmitlendirýär, terlendirýär, ýygyrtlary ýazýar. Deriniň näzik bolmagy üçin eller her gün sogan petine batyrylýar we soňundan, dyrnaklar owranmaz ýaly, barmaklaryň uçlaryna limon şiresi çalynýar. Soganyň dişleriň berk bolmagyna hem-de diş etiniň keselleriniň öňüni almaga peýdasy uludyr.