Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Sarahysyň ýadygärligi Topaz galasy
  10.02.2020
740
Sarahysyň ýadygärligi Topaz galasy

      Topaz gala arheologiýa ýadygärligi Sarahs oazisiniň demirgazyk böleginde, häzirki Sarahs şäherçesiniň 15 km demirgazyk–gündogarynda, Sarahs–Mary gara ýolunyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Ýadygärlik ösen orta asyr döwrüne degişli kuwwatly köşkden we töwereginde oturymly obadan ybarat bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan I müňýyllykda, şol töwerekde ýerleşýän häzirki Oýukly depe merkez bolup, onuň töwereginde birnäçe oturymly obalar bolupdyr. Ýerli ilatyň aýtmaklaryna görä, “topaz” – daş diýmegi aňladýar. Bu depede her hili reňkli daşlar tapylypdyr we şondan hem onuň Topaz gala ady gelip çykmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Türkmen sözlügine seredenimizde “topaz” sözi daşdan başga-da, iri şahly mallaryň aşygyny hem-de el degirmeniniň aşaky okuny aňladýar.

     Arheologiýa gazuw – agtaryş işleri Topaz galada 2019-njy ýylda birinji gezek Polşanyň Warşawa uniwersitetiniň arheology, professor M.Wagneriň ýolbaşçylygynda geçirildi. Topaz gala Ýaz II döwrüne we irki demir asyrlara degişlidir. Ol ölçegleri 55-75 metr bolan, beýikligi 3,17 metre ýetýän depedir. Depäniň daş-töwereginde ir döwürlerde giň garymyň bolanlygy onuň yzlaryndan bildirýär. 2011-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Ýaz II döwrüne degişli ot ybadathanalarynyň galyndylary we irki orta asyra degişli tapyndylar ýüze çykaryldy. Arheologlara Ýaz II döwründe merhumy jaýlaýyş dessurlarynyň käbir äheňlerini anyklamak başartdy. Topaz galada ylmy barlaglaryň dowamynda alymlar ylmyň soňky gazananlaryny üstünlikli ulanmagy başardylar. Türkmen-Polýak arheologik ekspedisiýasynyň agzasy, professor Kriştof Mişiýewiç G-858 kysymly magnitometr bilen ýadygärliklerde elektron geomagnit barlaglaryny geçirdi. Olaryň netijesinde depäniň elektron topografik çyzgysy we geljekki gazuw işleriniň meýilnamasy düzüldi. Şeýle-de ybadathananyň entek tapylmadyk iki sütüniniň çak edilýän ýeri anyklandy. Gazuw işleri wagtynda biziň eýýamymyzdan öňki VIII-VII asyrlara degişli soky daşynyň bölegi, çalgy daşy, süňk monjugynyň galyndylary, sapanyň daşdan oky we irki yslam döwrüne degişli tamdyr, kül atylýan keramiki gap, bürünç teňňe, dürli görnüşdäki keramiki gaplar, öý haýwanlarynyň süňkleri, tamdyryň golaýyndan 10-dan gowrak ýanan bugdaý däneleri tapyldy we häzirki wagtda olar seljerilýär. Topaz galadaky tapyndylar Diýarymyzyň umumy dünýä ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklaryndaky taryhy kökleriniň müňýyllyklara uzap gidýändigini aýdyň subut edýär. Meselem, bu ýerden tapylan bürünçden ýasalan kemer ilgençeginiň Gündogar Gürjüstandan tapylan taryhy tapyndylaryň Ýaz II döwrüne degişli bürünç şaý-sepler hazynasyndaky zatlara meňzeşligi bar. Şol wagta degişli iki sany ýumurtga şekilli daş, birnäçe daş monjuklary, soky daşynyň bölegi Özbegistandaky Bendihan ýadygärliginden tapylan tapyndylara çalymdaş. Topaz galada üsti açylan gönüburç otaglar  Ulugdepe, Ýazdepe (Türkmenistan) we Nuşijan (Eýran) ýadygärlikleriniň orta asyr gatlaklarynda ýüze çykarylan jaýlar bilen kybapdaş. Bu meňzeşlikler tötänden bolman, eýsem, Diýarymyzyň irki döwürlerde hem dünýä gatnaşyklaryndan çetde durmandygyny görkezýär.