logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Culture /«Sarahs baba» hakynda
  08.03.2020
3228
«Sarahs baba» hakynda

      Rowaýatlarda aýdylşyna görä, Mäne baba içi gysanda ýa-da bir mesele ýüze çykanda hemişe halypasyny ýatlar ekeni. Mäne baba «Aty eýerläň haja gitjek» diýip halypasynyň aramgähine ýygy-ýygydan zyýarata gitýär ekeni. Şonda ol öz şägirdine «Abul Fazl pire zyýarat etseňiz arzuwlaryňyz hasyl bolýar» diýer ekeni. Munuň özi Sarahs baba goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Şeýle beýik iki ynsanyň biri-birine bolan hormaty şol döwürde gaty uly dereje hasaplanypdyr.

      Abu Seýit Abul Haýýaryň agtygy Muhammet Mäneber şeýle ýazypdyr. Abul Fazl örän sahabatly ynsan bolupdyr. Biziň atamyz şan-şöhradyň ýokary derejesine ýeten wagty Abul Fazl dünýäden gaýdan eken. Bir mejlisde biziň atamyzdan adamlar «Şeýle ýokary derejä ýetmegiň hikmeti nämeden başlandy?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol, «Abul Fazl piriň bir nazaryndan başlandy» diýip şeýle gürrüň beripdir «Biz mürit mahalymyz bir suwly ýabyň kenaryndan barýardyk, Pir bolsa beýleki kenardan biziň ýolumyzyň tersine barýarka bizi görüp bir sägindi bize nazaryny aýlady ana şondan soň hemme zat üýtgäp gitdi. Biz nähili derejä ýeten bolsak hemmesi şondandyr. Öňünde mesele goýup anyk jogabyny alman gaýdan ýerimiz ýok. Kalbymda gam-gussa bolsa keramatly pire sygynýaryn, ol kalbyma rahatlyk bagyşlaýardy.»

       Ⅱasyrda gündogaryň meşgur taryhçylarynyň galdyran ýazgylarynda Sarahs baba hakynda edilýän rowaýatlaryň juda köpdügi, bu beýik ynsanyň ömrüni bihuda geçirmedigine şaýatlyk edýär. Şol rowaýatlarda onuň adamlaryň arasynda halaldygynyň dabaralanmagy, päklik, arassalyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleriň rowaçlanmagy üçin yhlasyny gaýgyrmandygy görünýär. Ondan başga-da, bu keramatly pir özüniň herekedi bilen beýik terbiýeçiniň ornunda bolupdyr. Hemişe ýönekeý adamlaryň arasynda bolup olary ruhlandyrmaga çalşypdyr.