Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /SANLY YKDYSADYÝET-DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
  21.04.2021
592
SANLY YKDYSADYÝET-DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

     Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada alnyp barylýan işler bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady ösüşler barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.

Üpjünçilik ulgamy, ýagny internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk ulgamy sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle hem bu ykdysadyýetiň wajyp ugurlary hökmünde elektron işewürligi — hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak; elektron söwdanyň, harytlaryň we hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi görkezilýär.

Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdasyny giňeltmek bilen bir hatarda, halkara habarlaşma çykdajylaryny hem peseldýär. Mysal üçin, internetiň üsti bilen öndürijiler alyjylara öz harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny hödürläp bilýärler. Şeýle tehnologiýalar ýeke bir söwda, önümçilik we hyzmatda däl-de, dolandyryş işlerinde hem giňden ulanylýar. Bu serişdeleriň ulanylmagy zähmeti we wagty tygşytlaýar. Şonuň üçin bütin dünýäde kompýuter we aragatnaşyk serişdeleri barha köp ulanylýar.

Ýurdumyzda   2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy  tassyklanyldy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň kabul edilen bu Konsepsiýasyny üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär we şu günki günde onuň tapgyrlarynyň durmuşa geçirilip başlanylmagy bilen bagly zerur işler alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmek ösüşiň täze, ýokary sepgitlere çykmagyna mümkinçilik berýär. Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň biziň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da, Konsepsiýa işewürligiň täze sanly görnüşleriniň ösdürilmegine, sanly ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň täze görnüşleriniň emele gelmegine, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna we ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň kämilleşdirilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasynyň esasynda kabul edilen möhüm kanunlar, maksatnamalar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary durýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem bellemek bolar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu Konsepsiýa maglumat-bilim gurşawyny döretmäge, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge hem-de sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Sanly bilim ulgamy esasynda üznüksiz bilim bermek üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ilatynyň häzirki zaman bilim serişdelerine giňden aralaşmagyny üpjün edýär. Täzeçil tehnologiýalaryň we usullaryň girizilmegi zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynda, resminamalaryň alşylmagy üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron gorunyň netijeli peýdalanylmagyna itergi berýär.

Geljekde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan maksatlaýyn ösdürmegiň çäklerinde hem bilim bermegiň mazmunyny we tehnologiýalaryny olaryň häzirki zaman ykdysadyýetiniň talaplaryna we ilatyň isleglerine laýyk gelmegini üpjün etmek üçin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek, tehniki maglumatlar ulgamyny ösdürmek, şol sanda bilim, elektron habar beriş torunyň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.