Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ulgamy ösdürmek – täze eýýamyň aýdyň ýolunda
  15.03.2023
739
Sanly ulgamy ösdürmek – täze eýýamyň aýdyň ýolunda

Mälim bolşy ýaly, häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanlylaşdyrma hadysasy dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek bilen, pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde ýaşlara maglumat ulgamlary we tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça döwrebap bilim berilýär. Nusgawy bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýalarynyň däplerini ulanyp, ýurdumyzyň ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ugurlar öňe sürülýär. Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, kibernetika, maglumat inženeriýasy boýunça ýokary hünärli inženerler, robot tehnikleri, elektronika boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky başlangyçlar sanlylaşdyrmagyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Munuň özi dürli ýurtlaryň we halklaryň bilim hem-de ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy halka bolmak bilen, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwürde we geljegine ygtybarly ynsanperwerlik köprüsi bolup hyzmat edýär. Kämil bilimiň, akylly tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygynyň täze eýýamy häzirki döwrüň aýdyň nusgasy. Häzirki wagtda pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Ýurdumyz bu ugurda BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny hem ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek üçin giň şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlara täze enjamlardan, maglumat tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ösüş babatda uly ähmiýete eýe bolýar. Sanlylaşdyrmagy döwlet tarapyndan goldamagyň gerimi ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly bolan tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek üpjün edilýär. Şol işleriň netijeleri bolsa tejribede giňden ulanylýar. Pudaklaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, şol sanda Internet hem-de elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Diýmek, ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň täze neslini kemala getirmek üçin ähli şertler döreýär. Şeýle möhüm wakalar Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

Çaryguly JAMMAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.