logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Technology /Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy
  23.02.2023
2355
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy

Häzirki sanly tehnologiýalaryň durmuşa giňden ornaşýan, ösen innowasiýalaryň eýýamynda maglumat ulgamy hem jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylyp, her bir pudagyň maglumat-aragatnaşyk binýady berkidilýär. Pudaklaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek dürli jemgyýetçilik gurluşyň howpsuzlygyna täsir edýär. Häzirki wagtda ilatyň hem islendik döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy ösüşi üçin maglumat howpsuzlygynyň häsiýetli zerurlygy öňe çykýar.

Mälim bolşy ýaly, maglumat howpsuzlygy – bu maglumatlary ulanmak, saklamak we geçirmek üçin niýetlenen ulgamyň maglumatlaryny goramakdyr, ýagny zerur bolan tehnologiýalaryň we dolandyryş amallarynyň toplumydyr. Biziň ýurdumyzda maglumat ulgamlaryny ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat goraglylygyny gazanmak ugrunda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Akylly enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen birlikde kiberhowplardan goranmak meselesi hem örboýuna galýar. Şeýle hem ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirilip, ol yzygider berkidilýär. Häzirki wagtda eziz Watanymyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hukuk binýadyny berkitmek babatdaky işleriň alnyp barlyşynyň çäklerinde Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmekde netijeli ädimler ädilýär. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kabul edilýän kanunlardan gelip çykýan wezipeler bolsa üstünlikli çözülýär. Türkmenistanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanuny hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda ençeme web-saýtlar döredildi we bellige alyndy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi dünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny hem-de halklaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuşynyň ösüş depginini kesgitleýär. Kämil tehnologiýalaryň, sanly enjamlaryň giňden ornaşdyrylýandygyndan ugur alyp, häzirki wagtda maglumatlar binýady bilen işlemek üçin ýörite programma üpjünçilikleri hem işlenip düzülýär. Şunuň bilen birlikde sanly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň özgerişini şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy hökmünde çykyş edýär. Eziz ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramagyň esaslaryny işläp düzmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy bolsa döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär. 

 

Enara BALTABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.