logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglygymyzy goralyň!
  11.03.2024
812
Saglygymyzy goralyň!

Ajaýyp zamanamyzda gözel tebigatymyza bahar pasly ädimini ätledi. Ýaz paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we askorbin turşusyna (witamin C) baý önümleri miwe şireleri, bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri kabul etmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Ellerimizi elmydama arassa ýagdaýda saklap,  ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. Ynsan saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ata Watanymyzda saglykdan belentde hiç bir zadyň ýokdugyny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bimöçber işleri aňryýany bilen subut edýär.

 

 

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

 

 

Saglyk – baş baýlyk. Halkymyzyň saglygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy barada yzygiderli alada edip, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!


Bägül  Gurbanowa
Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap 
birleşmesiniň  esasy  hünärmeni