logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Nature /Reňkli kaktuslar barada
  09.12.2022
1429
Reňkli kaktuslar barada

Häzirki günlere çenli kaktuslaryň 15 müňe golaý görnüşleri hasaba alyndy. Kaktuslar gurakçylyga durnukly bolup, olaryň daşky görnüşleri çelek ýa-da silindr görnüşinde bolýar. Kaktuslaryň käbir görnüşleri täsin gurluşly baldaklary, dürli reňkli iňňeleri bilen tapawutlanýar. Kaktuslar tomsuň bezeg gülleri hasaplanýar. 

Tebigatda duş gelýän reňkli kaktuslardan käbirlerine seredeliň!  

«Echinocactus grusonii» -
bu kaktusy ilkinji gezek Germana Gruzoni açýar,  kaktusyň ady hem  alymyň ady bilen baglanyşykly. Bu  kaktusyň açyk sary reňkli inçejik birmeňzeş iňňeleri bolýar. Ol  şar şekilli keşbe eýe bolýar. «Echinocactus grusonii» tebigatda seýrek duş gelýär we 30 ýyla golaý ýaşap bilýär. 

«Astrophytum» – bu kaktusyň tebigatda iki görnüşi ýagny, tegmilli we ýyldyz ýaly görnüşleri duş gelýär. «Astrophytum» kaktuslary otag şertlerinde gün şöhlesiniň düşýän ýerinde ösdürilýär. Bu  kaktusyň ýene bir aýratynlygy kölegede ösmäge ukyplylygydyr. 

«Gymnocalycium mihanovichii var Friedrichiae» - bu kaktus ilkinji gezek 1941-nji ýylda Ýaponiýada ösdürip ýetişdirilýär. Ýapon alymlary bu kaktus üçin irginsiz alada edip netijede ak, gülgüne, gyzyl-goňur, sary, mämişi hat-da ýaşyl-mawy reňkli görnüşlerini döretmegi başardylar.

Islendik gül dükanlarynda mämişi, ak, sary, gök ýaly reňkli iňňeli,  ýaşyl baldakly kaktuslary görmek bolýar. Kaktuslaryň dürli reňkde bolmagy alyjylaryň ünsüni özüne çekýär we gyzyklanma döredýär. Otag şerlerinde ösýän kaktuslaryň gyzyl ýa-da gülgüne reňkli bolmagyny isleseňiz, kaktuslary ýörite iýmitlendiriji boýaglaryň kömegi bilen reňklemek bolýar.

Uly bolmadyk ölçegdäki kaktuslary dürli reňkli etmek üçin çäge we iýmitlendiriji boýaglar gerek. Çäge bilen reňkli boýaglar 1:3 gatnaşykda bolmaly. Gülli küýzäniň düýbünden taýýarlanan reňkleýjini guýmaly we siňýänçä azajyk garaşmaly. Ýeterlik derejede çäge yzgarlanýança ýene guýmagymyzy dowam etdirmeli. Birnäçe günlerden soň iňňeler reňklenip başlaýar. 

 

Jennet SAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.