logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Peýdalan baba çynary
  09.02.2020
1998
Peýdalan baba çynary

     Ýer ýüzündäki iň täsin, iň köp ýaşan agaçlaryň biri Ahal welaýatanyň Bäherden etrabynyň jennet mysaly mekanlarynyň biri Nohur jülgesiniň Manaman gerşiniň etegindäki Peýdalan baba öwlüýäsindäki Peýdalan çeşmäniň gözbaşynda gögerip oturan “Peýdalan baba” çynarydyr.

         Bu çynar özüniň ululygy, beýikligi, göwresiniň ýogynlygy, köweginiň giňligi bilen örän täsindir. Saýasyna gün düşmeýän penje ýaprakly gök öwsüp oturan bu çynar agajynyň ýeriň deňinden bir ýarym (1,5) metrden gowrak beýiklik aralykda, iň daýaw adam sähel eglip, arkaýyn girip-çykyp biler ýaly gapy şekilli girelge bar. Çynaryň girelgesiniň 5-6 metr beýikliginde köwegiň içine ýagtylyk düşer ýaly bir metr töweregi ululykda togalak penjire mysaly köwek bar. Bu çynaryň köwegine 20 adam arakaýyn dik durup, birnäçe adam düşek atyp, arkaýyn gyşaryp, çaý içip bilýär. Bu çynar türkmen kinofilimleriniň we şekilli aýdymlarynyň birnäçesinde surata düşürilip halka görkezildi. Gün düşmeýän salkyn saýasynda bolsa birbada ýüzläp adam dynç alyp bilýär.         Çynar özünden örän köp çyglylyk we kislorod çykarýanlygy üçin, saýasynda dynç alýanlar özlerini sagdyn we örän ruhubelent duýýarlar.

         Rowaýatlara salgylansaň, onda bu täsin çynaryň ýaşynyň müň ýyllyklardan has aňyrdadygyna ynanasyň gelýär. Alymlar hem bu täsin çynaryň ýaşynyň müňden has aňrydadygyny nygtaýarlar. Çynar agajy köp ýaşansoň, birgiden taryhy wakalaryň şaýady bolup, onuň bilen bagly rowaýatlar döredilipdir. Häzirki wagtda bu täsin agajy görmäge gelýän ýerli raýatlardan daşgary, daşary ýurt raýatlarynyň hem sany az däl.