logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Paryzdepe ýadygärligi
  17.09.2021
1060
Paryzdepe ýadygärligi

Paryzdepe ýadygärligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär Büzmeýin şäherinden 6 km günorta –günbatarynda. Şähristanyň çäginden 2-3 m ýokary galýan dörtburç görnüşdäki 45x50 m içki galasy depäniň merkezinde ýerleşýän onuň daşyny gala diwary toýun palçyk garylyp dag daşyndan iri ölçegli çig kerpiçden galdyrylypdyr we diňler bilen berkidilipdir. Paryzdepede  geçirilen arheologiýa barlaglaryň netijesinde gazylyp üsti açylan binalaryň galyndylary, tapylan keramika önümleri daşdan, metaldan, çüýşeden ýasalan zähmet gurallary bu ýer-de mis-daş asyrlaryndan b.e.öňki V-IV müňýyllyklary giçki orta asyrlara XVIII-XIX asyrlara  cenli ýaşaýyş dowam edipdir. Antik döwründe kuwwatly Parfiýa döwletiň ilkinji paýtagty Nusaýyň eteginde Şa mülkini oba hojalyk önümleri bilen üpjün eden onlarça obalaryň bolandygy bellidir.

Paryzdepe orta asyrlarda hem Nusaýa degişli obalaryň biri bolupdyr. Orta asyr ýazuw çeşmelerinde berilýän maglumatlara laýyklykda X asyrda Nusaý sebiti tazeden ýokary göterilýar. XI asyrň başlarynda Nusaý Türkmen Seljuk döwletiniň düzümine girýär we iri şäher bolýar. Sol ýokary göteriş onuň Horasanyň ykdysady we medeni merkezine öwrülmegine alyp barýar. Orta asyrlarda Horasanyň merkezi şäherleriniň biri bolan Nusaýdan günbatar we demirgazyga girýän söwda kerwenleri Paryzdepäniň üstünden geçiripdir. Bu bolsa Paryzdepäniň Merkezi Aziýanyň has iri şäherleri bilen ösen söwda bolanlygy şaýatlyk edýär. 1220-nji ýylda Paryzdepe sebiti Çingizhanyň ordalary tarapyndan weýrançylyga sezewar edilipdir. Soňra Paryzdepäniň töwereginde giçki orta asyrlarda XVI-XVIII asyrlarda ýaşaýyş dowam edipdir. Muňa tapyndylar. Şaýatlyk edýär. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda Paryzdepäniň ilersindäki dagyň düýbünden  çykýan käriziň suwy ýap bilen akyp Yzgant  obasyna çenli baryp ýetipdir. Şol ýabyň boýunda 10-12 sany suw degirmeni ýerleşipdir. Saklanyp galan galalar diňli howlylar sol döwürlere degişli bolup, megerem degirmen eýeleriniň ýaşan howlylary bolmagy mümkin diýip çaklanylýar.