logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /“Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi
  02.06.2025
1080
“Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde halkara ylmy simpozium geçirildi. “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly bu çäre 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.

 

Simpoziuma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasyndan, şeýle-de Türkiýe, Yrak we Özbegistandaky türkmen alymlarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler oguzlaryň taryhyna aýratyn üns berdiler. Olar türkmenleriň taryhynda möhüm orun tutýan oguzlaryň gadymy türk halklarynyň biri bolup durýandygyny, olaryň taryhda uly döwletleri döreden ata-babalarymyzdygyny nygtadylar. Türkmen halkynyň, geçmişde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwründe-de, parahatçylyk söýüjilige, bitaraplyga we dost-doganlyga uly ähmiýet berendigi bellenildi.

 

Simpoziumyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Dabarada bu eseriň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigi, beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiliginiň, onuň dünýä medeniýetindäki ornunyň hem-de häzirki Türkmenistanyň ösüşleriniň giňden beýan edilýändigi aýratyn bellenildi.

 

Bahargül BEGNAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.