Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bir hatarda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi taryhy wakalaryň biridir.
Şeýle ajaýyp günlerde biz ýene-de bir taryhy pursada şaýat bolduk. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby elimize gelip gowuşdy. Ajaýyp kitapda ylmyň gazananlaryna esaslanýan ygtybarly garaýyşlar jikme-jik beýan edilipdir. Ajaýyp kitapda Änew medeniýeti bilen bagly ylmy garaýyşlar taryhy nukdaýnazardan doly subut edilip, ylmy deliller bilen berkidilipdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda zähmet ýolunyň käbir pursatlaryna aýratyn ähmiýet berip, Ahal welaýatynda zähmet çeken döwürlerinde bu sebitiň özünde galdyran täsirleri barada belläp geçýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Abiwerd şäheriniň, Mäne babanyň ady bilen bagly Abu Seýit Abul Haýryň kümmetiniň, Änew galasynyň çetinde ýerleşen Seýit Jemaleddin metjidiniň galdyran täsirini aýratyn nygtaýar. Kitapda Änew şäheriniň Parfiýa döwründe Gatar ady bilen tanalandygy, sebitiň gadymy Nusaýa degişli çäkleriň biri bolandygy baradaky garaýyşlar, gadymy grek alymy we tebigaty öwreniji Isidor Haraksiniň galdyran ýazgylary bilen delillendirilip, sebitiň irki antik döwrüne degişli ady görkezilipdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu kitabyny okap, halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasynyň bardygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant bolupdyr. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri şu günki günde hem milli mirasymyzyň saldamly bölegini düzýär.
Taryhy maglumatlarda Änew medeniýetiniň müňýyllyklary öz içine alýandygy görkezilýär. Bu medeniýet öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçirip, halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkymyzyň aň-paýhasy bilen döreden taryhy we maddy gymmatlyklary, ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Bu medeniýetiň taryhy dürli döwürlerde alymlar tarapyndan öwrenilip, ekerançylygyň we maldarçylygyň şol döwrüň ýaşaýşynda esasy orun alandygy görkezilýär. Halkyň gündelik durmuşynda ulanýan dürli görnüşdäki gap-gaçlarynyň, zähmet gurallarynyň kämilleşdirilendigi, olaryň üstüniň küýzegärçilik sungaty bilen baýlaşdyrylandygy taryhy maglumatlarda beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Gadymy Änew medeniýetini ýatlamak bilen hem şuny aýdyp bolar. Mundan ýüz ýyldan gowrak ozal türkmen topragyna Amerikanyň Karnegi instituty tarapyndan guralan, amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan ýolbaşçylyk edilen ylmy ekspedisiýanyň anyk delillere, ylmy derňewlere esaslanyp çykaran netijesi bilen taryhy hakykat dünýä äşgär boldy. Bu ylmy ekspedisiýanyň gadymy Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ak bugdaýyň däneleri tapyldy. Türkmen topragynda biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda, diýmek, mundan ýedi müň ýyl ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaý gadymy Änew medeniýetine degişlidir» diýip, belleýär.
Türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Bu gün geçmiş taryhymyzyň sahypalary dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Änewiň iňňän baý taryhynyň, medeniýetiniň bolandygy anyklanylýar. Ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleri dünýä medeniýetini öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Ine, şol gadymy ýadygärlikler, medeni ojaklar bu gün ylmy esasda öwrenilip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär.
Begli TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.