logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /MUNY BILMEK GYZYKLY
  29.03.2022
2037
MUNY BILMEK GYZYKLY

  • Nýutonyň kellesine gaçan alma hakynda Wolter birinji bolup Nýutona bagyşlap ýazan oçerkinde aýdypdyr. Nýutonyň özi bu wakany hiç haçan aýtmandyr;
  • 1983-nji ýylda tanymal iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazypdyr. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ömrüniň dowamynda ýazan kitaplarynyň sany bolsa 600-den gowrakdyr.
  • Dmitri Iwanowiç Mendeleýew “Elementleriň periodiki tablisasyny” çyndanam düýşünde görendigini tassyklaýar. Ýöne düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp edipdir.
  • 1958-nji ýyldan bäri haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip barýan görnüşleriniň girizilýän Gyzyl kitapdan başga-da Gara kitap hem bar. Gara kitaba adamlaryň weýran ediji hereketleri sebäpli Ýer ýüzünden ýitip giden ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen;
  • 2003-nji ýylda stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň karary esasynda tennis topunyň diametri 2 millimetr ulaldyldy. Netijede oýunyň wagty topuň tizligine görä 15% peseldi. Bu karar muşdaklaryň telewizorda oýna tomaşa edeninde kynçylyk çekmezligi üçin çykaryldy;
  • Häzirki wagtda alymlaryň aýtmagyna görä Ýer ýüzünde garynjalaryň 22000 görnüşi bar diýip çaklanylýar we olaryň 12500 görnüşi anyklanyldy. Iň uly garynja Merkezi Afrikada ýaşaýan “Dorylus” garynjalary bolup, olaryň bedeniniň uzynlygy 3 sm-e ýetýär. Iň kiçi garynja Braziliýada ýaşaýan “Mycetophylax” garynjasy bolup onuň uzynlygy 1 mm-den geçmeýär;
  • Gyşyna ilki bilen başgabyň däl-de ellikleriň aladasyny etmeli. Sowukda adamlar kellä garanyňda (egerde saçsyz bolmasa) elinden kän gyzgynlygy giderýär;
  • Towşanlar we kengurular (näçe haýal hereket etseler-de) ädimläp ýöräp bilmeýärler, olar diňe böküp bilýärler.
  • Ýer şarynyň ilatynyň ýarysyndan köpüsi hiç haçan gary görmedikdir.

Berdigylyç ANNAGYLYJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.