Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Burçly gülhatma – Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümligi ✦ ✦ Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby boýunça maslahat geçirildi ✦ ✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Müň manyly Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy
  22.03.2024
365
«Müň manyly Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy

Golaýda, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Müň manyly Magtymguly» atly täze kitabyň ady şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna uýgun gelýär. 

 

 

Monografiýanyň awtory Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymy Çary Kulyýew esasy hünärinden daşary 1982-nji ýyldan bäri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenip gelýär we şu mowzukda 30-dan gowrak ylmy makala neşir etdiripdir. Awtoryň pikiriçe, halkyň hatyrasynda we kalbynda ýaşaýan, ynsanperwer durmuş pelsepesini we esasy adamzat gymmatlyklaryny beýan edýän eserler Magtymguly ýaly şahyrlaryň ömrüni asyrlara uzaldýar we adamzat nesliniň ruhy mirasyna öwrülýär.

 

 

Awtor Magtymgulynyň şygryýetinde jemlenen müňde bir manynyň arasynda, esasan, şahyryň astronomiýa, geografiýa, lukmançylyk, zoologiýa, botanika, himiýa, janly we jansyz tebigat bölejikleriniň arasyndaky baglanyşygy gozgaýan ylmy-tebigy düşünjelerinde ünsi jemleýär. Şu düşünjeler-de kitabyň esasy mazmunyny emele getirýär.

 

 

Monografiýa girişden we üç bapdan ybarat. Birinji bapda şahyryň medresede okan we okuwdan soňky döwürde ýazylyp, döwrüne we garaşsyz türkmen döwleti baradaky arzuwlaryna bagyşlanan goşgular seljerilýär. Ikinji bap Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetler – Döwletmämmet Azady, grek filosofy Platon, lukmanlar Galen we Ibn Sina, şahyrlar Omar Haýýam, Jelaleddin Rumy, Alyşir Nowaýy, Abdyrahman Jamy baradaky eserlerine bagyşlanýar. Üçünji bapda belli-belli goşgulary düşündirmegiň esasynda nusgawy şahyryň ylmy garaýyşlary açylyp görkezilýär. Kitabyň ahyrynda ýerleşdirilen goşundylarda Magtymguly Pyragynyň tebigat baradaky pikirlerini häsiýetlendirýän goşgularyna ýazylan sözlük, şeýle hem edebiýat, taryh, din we şahyryň şahsy durmuşy bilen baglanyşykly atlaryň düşündirişli sözlügi berlipdir.

 

 

Çary Kulyýewiň şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Müň manyly Magtymguly» atly kitaby şahyryň döredijilik mirasyny öwrenýän köp sanly hünärmeniň ünsüni özüne çekdi. Ol, şeýle hem dilçilere, orta we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryna, talyplara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenipdir.

 

Baýramgül ANNAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.