Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦ ✦ Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär ✦ ✦ Türkmen talyplary “Python” dili bilen robot işläp düzdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025»-iň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ «Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany» atly dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Moskwada Magtymguly Pyraga bagyşlanyp halkara maslahaty geçirildi
  30.03.2024
297
Moskwada Magtymguly Pyraga bagyşlanyp halkara maslahaty geçirildi

Moskwada «Magtymguly Pyragy – türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşandy» atly halkara maslahaty geçirildi. Gündogaryň we türkmen edebiýatynyň nusgawy dana şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäräni Ýewraziýa halklarynyň assambleýasy, Moskwanyň türkmen medeniýet jemgyýeti we WKŞ-nyň uçurymlary Assosiasiýasy guradylar.


 

Garyşyk görnüşde geçirilen maslahata jemgyýetçilik-syýasat işgärleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniýet işgärleri, Ýewraziýanyň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, ýazyjylar we ylym bileleşiginiň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandyny bellediler.


 

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.


 

Duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, U.D.Aliýew adyndaky Karaçaý-Çerkes döwlet uniwersitetiniň rektory Tuasoltan Aubekirowiç Uzdenow Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň iň görnükli wekillerinden biridigini nygtady. Onuň eserleri okyjylar köpçüligine ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 


 

Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly filosofiki eserleri saz, teatr, kino we şekillendiriş sungatynda öz beýanyny tapdy. Sungat işgärleri teatr sahnasynda we kinoda Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek baradaky pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem «Magtymguly halk diplomatiýasynyň aýdyň mysaly», «Türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýän halk döredijiligi we edebiýaty», «Magtymguly Pyragynyň ýoly bilen – Gürgenden Türkistana çenli», «Magtymgulynyň goşgularyna türkmen kompozitorlarynyň wokal we hor eserleri» temalaryndan çykyşlar boldy. Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Moskwada guramaga niýetlenen heýkeller sergisiniň tanyşdyrylyşy boldy.

 

Kerim ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.