Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Milli gymmatlyklary birleşdirýän baýram ✦ ✦ Haşal otlary arassalamakda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeler ✦ ✦ Türkmen küştçülerinden​ ýene bir ýeňiş ✦ ✦ Ulag-logistika ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Gender deňligini ösdürmekde Türkmenistanyň alyp barýan işleri ✦ ✦ Роль цифровых решений в современном мире ✦ ✦ «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi ✦ ✦ Ýaşyl ykdysadyýete geçmek ýurdumyzyň möhüm ugry ✦ ✦ Rumyniýada “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ” atly halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ XIV Uniwersiadanyň ýeňijileri sylaglandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Milli gymmatlyklary birleşdirýän baýram
  20.05.2025
32
Milli gymmatlyklary birleşdirýän baýram

Her ýylyň 18-nji maýy — türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, döwletliligiň mizemez binýadynyň, agzybirligiň we watansöýüjiligiň dabaralanýan günüdür. Bu senede iki mukaddes nyşanyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni gabat gelýär. Bu gün ýurdumyzyň hukuk esaslarynyň we döwletlilik nyşanlarynyň gymmatyny, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky orny baradaky düşünjeleri has-da pugtalandyrýan senedir.

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy — halkymyzyň demokratik ýörelgelere, adalatylyga we jemgyýetçilik sazlaşygyna esaslanýan jemgyýet gurmak baradaky isleginiň kanunçylykda şöhlelenmesidir. Ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Esasy Kanun halkyň erk-islegine daýanýar. Şol gün ýurdumyzyň taryhynda täze sahypanyň açylan güni hökmünde halk hakydasynda hemişelik orun aldy.

 

Konstitusiýa türkmen döwletiniň hukuk binýadydyr. Ol adam hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň gurluşyny, halk häkimiýetiniň esaslaryny, ykdysady we syýasy ýörelgeleri kesgitleýär. Şeýle hem döwletiň ösüş ugurlaryny anyklaşdyryp, her bir raýatyň hukuklaryny kepillendirýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, jemgyýetçilik durnuklylygy, halkara abraýy hem Esasy Kanunyň berk binýadyna daýanýar.

 

Baýdak — milletimiziň ruhy baýlygynyň, taryhynyň, däp-dessurlarynyň, döwlet garaşsyzlygynyň hem-de agzybirliginiň görnükli nyşanydyr. Türkmenistanyň häzirki zaman Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edildi. Emma 18-nji maýyň Konstitusiýa güni bilen bilelikde Baýdak güni hökmünde bellenilmegi bu mukaddes nyşanyň Esasy Kanun bilen deň hatarda goýulýandygyny görkezýär.


Baýdagymyz ýaşyl reňkli zemininde ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz bilen bezelen bolup, gyzyl zolakda bäş sany esasy türkmen haly gölleri — ahalteke, ýomut, salyr, çowdur we ärsary şekillendirilendir. Gölüň aşagynda iki sany zeýtun pudagy ýerleşdirilen bolup, olar parahatçylygyň we dostlugyň nyşanydyr. Bu baýdak türkmen halkynyň müňýyllyk medeni mirasynyň, haly sungatynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de bitewüliginiň nyşanydyr.


18-nji maýda ýurdumyzda giň gerimli çäreler geçirilýär: dabaraly maslahatlar, baýdak galdyryş dabaralary, bilim we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrýan çäreler, döredijilik duşuşyklary, sergiler we medeni çykyşlar giň gerimde gurnalýar. Bu çäreleriň ählisi halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine bolan buýsanjyny, ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün edýär.


Baýdak baýramynyň belleýän güni ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň hukuk esasyny düzýän Konstitusiýanyň güni bilen bir günde bellenilmegi — aýratyn manydyr. Bu ýagdaý döwlet nyşanlarynyň we hukuk binýadynyň arasyndaky berk arabaglanşygy açyk görkezýär. Bir tarapdan döwlet we hukuk binýady, beýleki tarapdan bolsa onuň ruhy, taryhy nyşany hökmünde baýdak halkyň bitewüliginiň ajaýyp nusgasyny emele getirýär. Şeýle mukaddes baýramlaryň güýji bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň geljegi has-da ýagty bolar!

 

Ogulmaral GUTMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalary we 
Informatika institutynyň talyby.