Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦ ✦ Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy ✦ ✦ Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy ✦ ✦ Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre ✦ ✦ Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy ✦ ✦ Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy
  21.06.2025
22
Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda halkymyza ruhy lezzet paýlaýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de çuň manyly şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu şanly baýramçylyklaryň bilelikde bellenilmegi akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigini, ýurtda medeniýet ulgamyndaky syýasatyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görmek bolýar.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp, Medeniýet hepdeliklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýyl welaýatlaryň birinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginde ýurdumyzyň sahna ussatlary özleriniň eserleri bilen çykyş edýärler. Ilkinji gezek Medeniýet hepdeligi bolsa, 2013-nji ýylda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.


Medeniýet barada gürrüň edilende, milli edebiýat hakda-da aýtmak hökmanydyr. Türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyry, akyldar Magtymguly Pyragy garaşsyz döwlet gurmagyny arzuw edip, bu arzuw-hyýallaryny goşgy setirlerine siňdiripdir. Onuň watançylyk, öwüt-nesihat we başga-da birnäçe temalardan ýazan goşgulary ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy taýdan baý, watansöýüji, zähmetsöýer, gujur-gaýratly, batyr, erjel bolup ýetişmegi üçin gymmatly gollanmadyr.


Türkmen halky Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýar. Şonuň üçin her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

 
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän bu ajaýyp baýramçylyk çäreleriniň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze has ýokary derejelere çykarmakda ähmiýeti örän uludyr. Medeniýetiň ösdürilmegi, sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirilmegi, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýurdumyzda geçirilýän her baýramçylyga öz mynasyp goşandyny goşýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy» atly sergi gurnaldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň hala çitilen keşbi serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirilip, şeýle-de XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri gülýaka, aýhalka, bukаw, heýkel, dagdan, goşa asyk, üç goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik eserleri sergä bezeg berýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» ýaly eserleri hem görkezilýär.


Sergide XIX asyryň ahyra degişli bolan, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen ýaşyl, sary, ak çyrpylar ussat suratkeşlerimiz W.Maýkowskiniň «Tans», N.Beknazarowyň «Çyrpyly narlar», A.Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» ýaly eserler bilen utgaşdyrylyp görkezilýär.
Gadymy ýadygärliklerimizi wasp edýän G.Töräýewiň «Köneürgenç», G.Nurlyýewiň «Soltan Sanjar», «Şirkebir mаwzoleýi», «Mäne babanyň mаwzoleýi» atly eserleri hem-de Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň «Rodoguna», «Tomiris» ýaly nakgaş eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän 72 saz gurallarynyň aýratyn bir bölegi bolan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz hem sergide görkezilýär.


Şeýle ajaýyp sergileriň yzygiderli guralmagy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ämiýetlidir. Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanşdyrmakda şeýle sergiler möhüm orun alýar.

 

 

Gülälek Mämiýewa
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary

Surata düşüren: A.Öwezmuhammedow
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni