logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Culture /Marguş (Margiana)-gadymy siwilizasiýanyñ merkezi
  24.11.2020
2487
Marguş (Margiana)-gadymy siwilizasiýanyñ merkezi


      Ýagny, biziñ eýýamymyzdan öñki II müñýyllygyñ başlarynda Murgabyñ aşak akymynda gadymy siwilizasiýanyñ medeni ojagy Marguş (Margiana) döräpdir. Margiananyñ ilaty maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Gadymy grek geograflary Strabonyñ we Pliniýiñ Margiananyñ bol hasyllydygy, bal ýaly Margiana üzümi hakyndaky ýazgylary saklanyp galypdyr. Biz Margiana siwilizasiýasynyñ yzlaryny gadymy Merwiñ ýadygärliklerinde görýäris. Olar köp ýyllardan bäri arheologlar tarapyndan düýpli öwrenilýär. Birnäçe ylmy işlerem ýazyldy. Aýratyn hem professor W.I. Sarianidiniñ «Marguş ýurdunyñ gadymyýeti» diýen işi belläp geçmäge mynasypdyr. Kitapda Marguşyñ sinonimi hökmünde Margiana sözi ulanylypdyr we bu gadymy ýurt hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şol maglumatlara görä b.e.öñki II müñýyllygyñ başlarynda gadymy Murgabyñ aşak akymlarynda 3000 inedördül km. töweregi meýdanda Marguş ýa-da Margiana ýurdy ýaýylyp ýatan eken. Bu ýerde Kelleli, Taýyp, Adambasan, Awçy, Goñur, Togalak, Ajyguýy, Tahyrbaý ýaly ençeme oazisler bolupdyr. Şeýle-de göçüp-gonup ýören çäge depeleriniñ arasynda margianalylaryñ 150 gowrak obalarynyñ üsti açyldy. B.e. öñki II müñýyllygyñ başlarynda Kelleli oazisi eýýäm özleşdirilen ýer bolupdyr. Şol müñýyllygyň ortalarynda Goñur, Awçy, Adambasan, Ajyguýy, Taýyp ýaly oazisler gülläp ösüpdir. Togalak we Tahyrbaý Margiananyñ giçki döwrüne - b.e. öñki II müüýyllygy аhyrlaryna, I müñýyllygyñ başlaryna degişlidir. Margianada ilatyň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Bugdaý, arpa ekilipdir. Obalaryñ daşyna gala gurlupdyr. Mysal üçin, Kellelide galanyñ içinde çig kerpiçden we pagsadan salnan ýaşaýyş jaýlarynyñ bolandygy anyklanyldy. Käbir jaýlarda gyşyna gyzdyrmak üçin diwar peçleri, käsinde bolsa ýatylýan sekiler edilipdir. Marguşyñ gadymy paýtagty Goñurdepe bolupdyr. Goñurdepedäki köşkde patyşa oturypdyr. Onda merkezi dolandyryş häkimiýeti hem bolupdyr. Bu bolsa Marguşda döwlet dolandyryş bolandygyny görkezýär.