Hormatly Prezidentimiziň: «Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýet belentligi şahyr diýlen umumy düşünjäniň çäginden has ýokardadyr» diýen sözlerinden ugur alyp, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly döwletimizde düýpli işler alnyp barylýar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Nurmämmet Rahymow tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Magtymgulynyň şygyrlary taryhy çeşme hökmünde» atly okuw kitabynda şahyryň diňe öz dilinden özi we ýakynlary bilen, umuman, onuň goşgularynyň maglumat mümkinçilikleriniň taryhy çeşmeşynaslyk dogrusynda söhbet edilýär.
Okatmagyň halkara tejribesine daýanyp, taýýarlanylan monagrafiýa taryh, taryhy çeşmeşynaslyk we edebiýatşynaslyk ylymlarynyň çatrygynda, giň köpçülik üçin ýazylyp, okyjy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň maglumat mümkinçilikleriniň taryhy çeşmeşynaslyk seljermesi bilen tanşyp bilerler.
Kitap taryhy, taryhy çeşmeçynaslyk we edebiýatşynaslyk ylymlary öwredilýän ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Şanur Saparowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.