logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /MAGTYMGULYNYŇ PÄHIMLERI WE ÖWÜTLERI
  09.05.2023
1829
MAGTYMGULYNYŇ PÄHIMLERI WE ÖWÜTLERI

Halal lukma ýagtylyk biýr ýüzlere.

* * *

Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,
Arasatda senden sorarlar jogap,
Halala hasap bar, harama azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyl bu işi.

* * *

Galmagaldan bela geler.

* * *

Ýoksuzlyk bir ýaman ýoldur.

* * *

Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?

* * *

Ýürekde ýok sözi tile getirme.

* * *

Är ýigitli, berkararly il içre
Hiç oňuşmaz, namysu­ar oýnaşar.

* * *

Ýyglap gözüm ýaş etdim,
Köňül içre niş etdim,
Il­günüme bagş etdim,
Zyban içre asalym.

* * *

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,
Biwagt ýörgen melamata çoh bolar,
Ömrüň boýy ýygnaganyň ýok bolar,
Haram söýen ýigitlere baş bolmaň.

* * *

Müň gün aglan bir gün güler. 

 

Toplan: Serdar AKMÄMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.