Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragynyñ goşgularynyñ kompozitor Nury Halmämmedowyñ döredijiligindäki orny
  13.12.2024
103
Magtymguly Pyragynyñ goşgularynyñ kompozitor Nury Halmämmedowyñ döredijiligindäki orny

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ goşgularynyñ aýdyma öwrülen setirleri bilen biziñ hemmämize mälimdir. Bagşy sazandalarymyz üçin nusga alarlyk mekdep bolup hyzmat edyan akyldaryñ payhasly setirleri kompozitorlaryñ hem hemişe üns merkezinde bolupdyr.Ine, şeýle kompozitorlaryñ hatarynda halkymyza şuglasy sönmejek sazlary miras goýup giden ussat kompozitor Nury Halmämmedowy aýtmak bolar.

    

Nury Halmämedowyň  döredijiliginde Magtymgulynyň  şygyrlary aýratyn orun eýeleýär. Saz ussady döredijilik durmuşynyň  bütin dowamynda özüniň söýgüli şahyrynyň goşgularyna ýüzlenipdir, onuň saz bilen baglanyşykly çeperçilik baýlygynda  şygryýetiň täze-täze çäklerini açypdyr.Temanyň we ýordumyň,žanrlaryň we formalaryň köpdürliligi, sazda açylan duýgylaryň giň gerimlilligi, keşpleriň göwrümliligi,döredilen sazlaryň, aýdymlaryň Magtymgulynyň şygryýetiniň çuňluklaryny boýlap bilýän beýikligi  bilen ony asyryň  iň gözel saz eserlerini dörediji şahsyýet hökmündäki ykrarnamasyna  getiripdir. Ussat Magtymgulynyň şygryýetini tutuş bir asyryň simwoly derejesine ýetiripdir.

        

Magtymguly Pyragynyň şygryýetiň ruhyna çuňdan siňdiren dünýä, älem, adamzat durmuşy bilen bagly uç-gyraňsyz  oýlanmalaryň  fillosofiki pikir dünýäsi Halmämedowyň saz äleminde ähli çuňlugynda we giňliginde özüniň çuňdan beýanyny tapýardy.Pyragynyň hatar gurap oturan daglaryň biri-biri bilen zemin giňişliginde utgaşyp gidýän dag ulgamlary ýaly, ötlem-ötlem pikirleriň giň gurşawyny öz içine alýardy.Ylmy filosofiki  pikirleriň düýpsiz umman ýaly girdabyny boýlan şahyryň şygyrlarynyň ruhyna siňmeklik, munuň özi saz döredijiden ägirt uly ylmy taýýarlygyny, okumyşlygyny, şygry ýetiň in çeligini, saz äheňini inçelik bilen duýup bilmek ukybyny talap edýärdi. ap edýärdi.

     

Çünki Pyragy şygryýet äleminde  bütewi adamzadyň aňyny köwsarladýan pikir giňişliginde öwrüm edý ärdi.Bu hadysa Nury Halmämedow üçin hem tanyş ýodady.  Kompozitoryň döredijilik gurşawy hem Pyragynyňky kysym saz, söz äleminiň umumadamzat derejesindäki çuňluklary bilen serhetleşip gidýärdi.Nury Halmämedowyň saz ussatlygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň aýdym-saz dünýäsiniň halky ruhyny has ýiti duýup bilýänligindedir.Kompozitor çagalykda türkmen aýdym-sazy bilen has ysnyşykly baglanyşykda bolupdyr.Bu bolsa onuň has soňra onuň öz döredijiliginde halk aýdymlaryna häsiýetli bolan äheňlerine ýüzlenmegine getiripdir.Bu onuň wokal döredijiligine asyllylygyň, päkligiň ruhyny siňdiripdir. Nury Halmämedowyň sazlary şahyran akeşplere örän baý.Ussadyň  saz döredijilik giňişligi sada oba gyzynyň ýa-da bir çopanyň keşbinden başlap,ylym, akyl-parasat  dünýäsi bilen gurşalan agras keşpleri hem  öz içine alýar. Halmämedow öz sazlary üçin ähli ynsanlar, hatda ýönekeý bir adamyň ýüregine hem ornaşjak şahyrana eserleri  saýlap alýar.

       

Ussat kompozitoryñ sazlary adamzat sözleýşiniň  inçe öwüşginlerini: aýdym,mynajat, dabarany öz içine alýar, şol bir wagtyň özünde diňleýji tarapyndan aňsatlyk bilen kabul edilýän halky ruhdadyr. Ussadyñ döreden ajaýyp sazlary bu günki günde biziñ yagny yaş bagşylaryñ görüm-görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

 

Medeniyet sungatymyzyñ Hak howandary, medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçiryan Türkmen halkynyñ milli Lideri Gahryman Arkadagymyza peder yoluny mynasyp dowam etdiryan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyñ janlary sag òmurleri uzak tutyan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Begenç Rozyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli
konserwatoriýasynyñ IV ýyl talyby.