logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Health /Magtymguly Pyragynyň eserlerinde saglygyň ähmiýeti
  19.03.2024
1058
Magtymguly Pyragynyň eserlerinde saglygyň ähmiýeti

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz Saglyk barada şeýle diýýär:

 

 

- “Saglyk-bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen  nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyňy berkitmek her bir ynsanyň öz elindedir’’.

 

 

Hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly saglyk-bu her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak mizemez baýlykdyr. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanşyklydyr. Şonuň üçin hem saglyk baradaky alada-ömrüň baradaky aladadyr.

 

 

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem şahyrana döredijiliginde saglygyň ynsan durmuşyndaky möhüm orny barada bellenilip geçilýär. Şahyryň il arasynda nakyla öwrülen birnäçe gyzyldan gymmatly setirleri bar:

 

“Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun”, “Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun’’, “Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr’’

 

 

Akyldar şahyrymyzyň setirlerinde belleýşi ýaly, her bir ynsan öz saglygynyň onuň üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna düşünmeli, onuň aladasyny sagdyn wagty etmeli, kesellemekligiň öňüni almaly we ony goramaly. Söz ussadymyzyň şygyrlarynda adam bedeniniň her bir synasynyň sagdyn bolmagynyň ähmiýeti barada şeýle manyly setirler bar:

 

Abat eýle iki gözüm nuruny,

Sag gözüm, sol göze mätäç eýleme.

“Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir”.

 

 

Şahyryň şygyrlarynda adam saglygyna zyýan ýetirýän nas atmak, çilim çekmek ýaly ýaramaz endikler güýçli ýazgarylýar.

 

Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende çilimkeş.

Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,

Burnuňdan dem gelmez, agzyň açar sen,

Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,

Haýran bolar oba-goňşyň nas atan.

 

 

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýyly diýlip yglan edilmegi, şahyra goýulýan belent sarpa, çäksiz söýgüniň nyşanydyr.

 

Aýgül Mämmetgurbanowa,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.