logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Magtymguly Pyragy dünýä ýüzünde
  05.04.2024
935
Magtymguly Pyragy dünýä ýüzünde

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly taýýarlyk görülýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä ýüzünde hem söýülip okalýan şahyrdyr. Onuň eserlerindäki dürli temalarda beýan edilýän wakalar ynsan kalbyna ruhy güýç berýär.

 

 

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýaty barada ýazmak bilen çäklenmän, käbir türki halklaryň edebiýatlaryna-da öz täsirini ýetiripdir. Goňşy döwletimiz bolan garagalpak edebiýatynyň kämilleşmegine, ösdürilmegine şahyryň hyzmatlary uludyr. Muny onuň goşgulylary hem-de garagalpak nusgawy şahsyýetleriniň Günhojanyň, Ajynyýazyň, Berdagyň goşgularyny okan mahalymyz göz ýetirmek bolýar. Olaryň ählisi öz eserlerinde Magtymguly Pyragyny halal, takwa, görelde hem-de terbiýe nusgasy hökmünde ýatlapdyrlar.

 

 

Magtymguly Pyragynyň ady Özbegistanda, aýratyn hem onuň  Horezm welaýatynda has ýörgünlidir. Özbegistanyň halk ýazyjysy Kamil Ýaşen “Röwşen we Zülhumar” dramasynda Magtymgulynyň goşgularyny, gahrymanlaryň dili bilen eserde janlandyrypdyr. Häzirki wagtda hem özbek halky Magtymguly Pyraga uly hormat goýýar. Ýaňy ýakynda hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň karary bilen Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününi giňden bellemek göz öňünde tutuldy.

 

 

Şahyryň hatyrasy diňe türkmen halkynda däl eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde ýatlanylýar. Muňa mysal edip Fransiýada, Germaniýada, Eýran Yslam Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen ştatlarynda, Russiýa Federasiýasynda, Gyrgyz Respublikasynda we başgada-da ençeme döwletlerde geçirilýän medeniýet çäreleri, ylmy maslahatlar, sergiler geçirilýär.

 

 

Gözel Mätiýewa,
Türkmen döwlet maliýe
institudynyň mugallymy.