Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ugur
  24.02.2023
982
Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ugur

Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ösen döwründe maglumat ulgamlarynyň giň özgerişe eýe bolmagy bilen jemgyýetçilik täze bir ugry kemala gelýär. Bu ugur maglumatlary döretmek, ýaýratmak, işläp taýýarlamak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek çärelerini gurşap alýar. Maglumat tehnologiýalary jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda maglumat ulgamy köpçülikleýin sarp edişiň önümi bolup çykyş edýär. Ol jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylyp, dürli pudaklaryň howpsuzlygyň ýagdaýyny kesgitleýär. Häzirki şertler maglumat howpsuzlygynyň zerurlygyny öňe çykarýar. Peýdalanylýan maglumat mümkinçilikleriniň göwrümleri dürli bolup, ol howpsuzlygy hem talap edýär.

Häzirki döwürde «sanly ykdysadyýet», «sanly dolandyryş», «sanly durmuş goraglylygy» we ş.m adalgalar emele geldi. Onuň esasy sebäbini hem, köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly ösüşleri gazanmaklary bilen baglanyşdyryp bolar. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige bolan üns has-da artýar, çünki sanly ulgam islendik ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda we ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ugurlar boýunça derwaýys meseleler olar babatdaky maglumatlary işjeň özleşdirmezden, maglumatlary alyşmazdan mümkin däl. Ol aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar.

Ýurdumyzda internetiň ählumumy elýeterliligi milli ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanylýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy gerek bolan wagtyň tygşytlanylmagyna, mümkinçilikleriň täze çeşmeleriniň ýüze çykarylmagyna şert döredýär. Şeýle-de sanly ulgam arkaly harytlary we hyzmatlary ählumumy bazarlara çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligine hem eýe bolmak bolýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet, ösen maglumat ulgamlary tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli ähmiýete eýedir. 

 

Zamira EMETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.