logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Society /Künji – gadymy ýag ösümligi
  09.02.2022
1969
Künji – gadymy ýag ösümligi

Häzirki ekilip ýörlen oba hojalyk ekinleriniň biri däneli ösümliklere degişli bolan künjidir. Kösükli däne ekinleriniň aýratynlygy, artyk belok berýänligidir. Olaryň dänesinde köp mukdarda uglewod, künji bilen soýada bolsa, ýag köp bolýar. Muňa hindi künjisiniň dänesinde 65 göterime çenli ýag bardygy-da aýdyň mysaldyr. Kösükli däneli ekinleriň, şol sanda künjiniň dänesinden ýokumly maddalaryň saklanýanlygy sebäpli, olaryň beýleki ekinlere garanyňda, mineral iýmite bolan talaby has ýokarydyr. Kösükli däneli ekinler beýleki däneli ekinler bilen gatyşdyrylyp ekilende, däneli ekinleriň gök maýsasynda belogyň mukdary köpelýär.

         Dänesinden üçden iki essesine barabar ýag alynýan bu derman ösümligi, gadymy zamanlardan bäri ekerançylygyň bir pudagy bolup gelipdir.  Künjiniň dänesinde 45-60% çenli ýag bolup, juwazda ondan 46-50 %-e çenli ýag alyp bolýar. Tagamy we hili babatda künji ýagy zeýtundan soňra iň gow ösümlik ýagy hasaplanylýar. Onuň özboluşly tagamy we ýakymly ysy bolup, bişme, çapady, çelpek bişirmekde, milli naharlary taýýarlamakda, şeýle ertirlikde çörek batyrylyp iýilýär. Künji ýagyny senagatda iýmit görnüşinde, süýji önümlerini öndürmekde we saklamakda, margarin öndürmekde uly isleg bildirilýär. Künji ýagy has arassa, ýokary hilli ýagdyr. Ol aşgazan, garyn-içege, bagyr keselleri bilen kesellän adamlara künji ýagy has ýaramlydyr. Künjüde adam bedeni üçin gerek bolan elementleriň birnäçesi hem-de fosforyň köp mukdary bolup, lukmançylykda ony dermanlyk üçin hem peýdalanylýar.  

         Ösümlikleriň arasynda bu dermanlyk ösümligine aýratyn uly üns berilýär. Künjiniň dermanlyk häsiýetini öwrenip, lukmançylykda ulanmak mümkinçiligi-de uludyr.