Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmek, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýetişdirmekden ybaratdyr.
Terjimeçilik sungaty – gaty inçe we çylşyrymly sungat. Bu sungatda her terjimeçiniň öz ýoly, öz aýratynlygy, öz garaýşy, öz syrlary bar. Haýsydyr bir milletiň halk döredijiliginiň ýa-da meşhur ýazyjy-şahyrynyň eseriniň başga bir halkyň diline geçirmek, eseriň manysyny, ruhuny, duýgusyny ýitirmän saklamak terjimeçiniň zehinine gönüden-göni bagly bolup durýar.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
- Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşigiň şerti – ýaş terjimeçi terjime sungaty boýunça öz düşünjesini, pikirlerini, bu sungata bolan garaýyşyny beýan etmeli, terjime edende nähili talaplara has üns berýändigini, haýsy kada-kanunlardan ugur alýandygyny, haýsy halypa terjimeçileriň işlerinden nusga alýandygyny ýazmaça beýan etmeli hem-de dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgusyndan bir parçany (gaty uly bolmadyk göwrümli, mysal üçin 4-5 sahypa) türkmen diline terjime edip, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
- Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.
- Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär, şeýle hem has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
- Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2022-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin:
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy, telefon belgileri: – 39-96-20, 39-96-21, 39-96-22.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy.