Kiwi adaty we elýeterli miwedir. Onuň watany Hytaýdyr, şonuň üçin hem onuň beýleki ady hytaý gözleridir. Geçen asyryň başynda miwe ilkinji gezek Täze Zelandiýa getirildi. Hut şol ýere getirilenden soňra bütin dünýäde tanalýan adyny aldy.
Köp miweler ýaly bu hem ýokumly we mineral maddalara baýdyr. Iň soňky gözlegleriň birinde Tokio uniwersitetiniň lukmançylyk gözleg merkezindäki hassahananyň alymy Haýk Arakelyan kiwi iň peýdaly miwe diýip atlandyrdy. Medisina professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Haýk Arakelyan makalalarynyň birini ýörite kiwi miwesine bagyşlady. Alymyň pikiriçe miwede köp mukdarda peýdaly maddalar we az mukdarda kaloriýa bar. Kiwi dünýäde iň meşhur 27 miweden has peýdaly witaminleri we minerallary öz içine alýar.
Kiwi – fol turşusynyň, C we E witaminleriniň, antioksidantlaryň we beýleki peýdaly maddalaryň çeşmesidir. Miwe garry adamlar üçin ajaýyp saýlawdyr, sebäbi onuň düzümindäki kaliý ýürek-damar ulgamyny we süňkleriň saglygyny goldaýar, şeýle hem myşsalaryň işlemeginde we iýmitiň siňdirilmeginde möhüm rol oýnaýar.
Mundan başga-da, 100g kiwi 20mg-dan gowrak magniý saklaýar. Bu bolsa myşsalaryň we nerw ulgamynyň saglygyny goldaýar, ýürek urmasyny we holesterini derejesini kadalaşdyrýar, immun ulgamyny goldaýar, süňkleri berk we güýçli edýär. Kiwide tapylan antioksidantlar ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Şeýlelik bilen, günde 2-3 miwe arteriýa we beýleki gan damarlarynyň dykylmagy howpuny azaltmak üçin ýeterliklidir.
Albina ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby